Türkmenistan owgan demirýolçylaryna tälim berýär
Türkmen metbugaty maý aýynda owganystanly demirýol işgärleriniň birnäçesiniň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki hünär tehniki okuw mekdebinde dört aýlyk okuwlaryny tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan şahadatnamalaryny alandyklaryny habar beripdi.
Okuwlar agentlik bilen Owganystanyň demirýol edarasynyň arasynda baglaşylan ähtnama laýyklykda alnyp baryldy diýip, “Jeyhun.news” habar berdi.