Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň öňki häkimi tussag edildi. Sebitde giň gerimli barlaglar dowam edýär

Mary welaýatynyň ozalky häkimi Döwranberdi Annaberdiýew tussag edildi we emläkleriniň belli bir bölegi ele salyndy. Häzirki wagt sebitde onuň ýolbaşçylyk eden döwründe oba hojalyk pudagynda goýberilen bolmagy mümkin bidüzgünçilikler boýunça giň gerimli derňewler dowam etdirilýär.

Bu barada Azatlygyň biri-birinden habarsyz iki çeşmesi maglumat berýär we häkimiýetleriň ýagdaýlara baha bermek işlerinde Azatlykda çykan maglumatlary içginden seljerýändigini nygtaýar.

14-nji iýulda Ministrler kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda, Marynyň şol wagtky häkimi Annaberdiýew dowam edýän galla oragy barada hasabat berdi. Ol çykyşynda degişli işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürdi, we hiç bir kemçiligi agzamady.

Emma prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläninden soň, Annaberdiýewiň işde “düýpli kemçilikleri goýberendigini” aýdyp, ony wezipesinden boşatdy. Adatça bolşy ýaly, munuň bilen bagly hiç hili jikme-jik maglumat berilmän, diňe umumy bir kesgitleme bilen çäklenildi.

Bellemeli bir ýagdaý, Berdimuhamedow bu baradaky kararyny mälim edeninden soň, ‘gidiberiň’ diýip, ozalky häkimi maslahat zalyndan çykaryp goýberdi.

Marynyň täze häkimi wezipesine Begençmyrat Orazow bellenildi.

Şol bir wagtda, resmi media 2017-nji ýylda Mara häkim bellenen, ondan ozal hem maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işlän Annaberdiýewiň soňky ykbaly barada hiç hili maglumat bermedi.

Ýöne Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri Annaberdiýewiň maslahatyň yz ýany tussag edilendigini we ol babatda derňewleriň geçirilýändigini anykladylar.

Ozalky häkim mellek ýerlerini bölüp bermekde galplyga ýol berip, döwletiň emlägini bikanun ogurlamakda aýyplanýar. Onuň Marydaky we Aşgabatdaky öýleri döküldi, köp mukdarda maliýe serişdeleri ele salyndy. Şeýle-de, Annaberdiýewiň ýakynlaryna ilde “göze-dile düşmezlik” tabşyryldy.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Marynyň täze häkimi Orazow prokuratura işgärleri, daýhan birleşikleriň başlyklary bilen daýhanlara bölünip berlen kärende ýerlerinde bugdaýyň we gowaçanyň talaba laýyk ekilendigini ýa ekilmändigini barlaýar.

Olar pagta üçin niýetelenip berlen kärende ýerleriniň bir bölegine mekgejöwen, gawun, garpyz, kädi, noýba ýaly ekinleri eken daýhanlardan bu ekinleri dessine söküp aýyrmagy we ýeri tekizlemegi talap edýärler.

Azatlyk ýurduň günorta welaýatynda bu hili barlaglaryň dowam edýändigini geçen aýyň başynda, ýagny Annaberdiýewiň wezipesinden boşadylmagyndan tas iki hepde öň habar beripdi.

Türkmenistanda daýhanlar döwletiň bölüp beren kärende ýerlerinde şertnama esasynda gowaça we bugdaý ýaly döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler. Şeýle-de, olar ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Döwlet daýhanlary suw, dökün, tehnika bilen ýeňillikli üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Ýöne kärendeçileriň ençemesi özleriniň bu hyzmatlar bilen wagtly-wagtynda üpjün edilmeýändigini, munuň hasylyň pes bolmagyna getirýändigini aýdýar. Bu sebäpli, daýhanlar girdeji almak üçin kärende ýerleriniň bir bölegine beýleki gök-bakja ekinlerini ekmäge mejbur bolýandygyny gürrüň berýärler.

“Biz bulary ýerli häkimler bilen ylalaşyp, olaryň rugsady bilen etdik. Bakja ekinleri üçin ulanan her bir gektar ýerimiz üçin 1 müň manat para berdik. Hasyldan geljek girdejimizden hem paý bermegi ylalaşdyk. Elbetde, bu diňe dil üsti bilen edilen gürrüň boldy” diýip, murgaply kärendeçileriň biri 1-nji awgustda gürrüň berdi.

Ol täze häkimiň bu ýagdaýlara gulak hem gabartman, daýhanlaryň meselesine oňaýly çözgüt hödürlemeýändigini sözüne goşdy.

“Biz iň bolmanynda, öňki ýolbaçylar bilen ylalaşyk esasynda eden çykdajylarymyzyň gaýtarylyp berilmegini soraýarys. Bir başlyk gelip bir zat diýýär, ertesi täze bir emeldar başga bir zady talap edýär. Ilki, goý, resmiler öz aralalarynda ylalaşyga gelsin-de, soň daýhanyň üstüne sürünsin. Bakja ekinlerimizi harap edenleri bilenem, ol ýerlerde bu ýylyň hasabyna eýýäm pagta ýa bugdaý ýetişdirip bolmaýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý we 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Azatlygyň habarçylary ýurtda ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi, kärendeçileriň dökün we tehnika bilen öz wagtynda üpjün edilmeýändigi, şol sebäpli ekerançylyk ýerlerinde gowaça ýa-da bugdaý hasylynyň pes bolýandygy barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz emeldarlaryň ýerlerdäki oba hojalyk ýagdaýlaryna baha bermek işlerinde, Azatlykda çap bolan maglumatlary içginden okap, olary seljerýändiklerini hem nygtaýarlar.

Marynyň ozalky häkiminiň tussag astyna alnandygy we sebitde giň gerimli derňewleriň geçirilýändigi barada döwletiň berk gözegçiligindäki media serişdelerinde habar berilmeýär. Bu barada sebitiň prokuraturasyndan, häkimliginden hem goşmaça maglumat almak başartmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ООО «Кофе Плюс» — лидер изменений в сфере воспитания школьников

Институт экономики города и СберИндекс впервые исследовали доступность жилья в более чем 700 городах России

Российские ученые придумали лечить рак мозга во сне

Иностранные «специалисты»: головная боль за собственный счет

Музыкальные новости

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

Новости России

Суд не стал рассматривать иск о признании автозавода "Москвич" банкротом

20 новых катеров от салона катеров и яхт «Водник» увидят гости выставки Vladivostok Boat Show

Авторазворот в минус

Пострадавшей от мошенников впервые удалось вернуть свою квартиру

Экология в России и мире

10 полезных продуктов для сердца

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Спорт в России и мире

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Танцы с ветром....

Завершен очередной этап строительства моста в Мнёвниках

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *