Talaňçylyk aýyplamasy bilen saklanan blogçy açlyk yglan etdi
Hepde ahyrynda gündogar Kokon şäherinde tussag edilen tanymal özbek blogçysy Olimjon Haýdarow özüniň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini aýdyp, açlyk yglan etdi. Häkimiýetler ony talaňçylykda aýyplaýarlar.
Haýdarowyň dogany Salimjon Azatlyk Radiosyna blogçynyň özüne “töhmet atylýandygyny” telefon arkaly habar bermegi başarandygyny aýtdy.
Özbegistanda iň meşhur blogçylaryň biri bolan Haýdarow soňky aýlarda birnäçe blogçynyň talaňçylykda aýyplanyp tussag edilmegi meselesini gozgady. Geçen hepde başga bir blogçy, Abdukodir Mominow hem Daşkentde talaňçylyk aýyplamalary esasynda kazyýet diňlenişigine çykaryldy.