Gazak dissidenti möhleti gutaranyndan iki gün soň türmeden boşadyldy
Tanymal gazak dissidenti Ýermek Narymbaýew (Narymbaý) azat edilmeli wagtyndan iki gün soň türmeden boşadyldy.
Görnüşinden, jeza koloniýasynyň öňünde bolmagy mümkin ýygnanyşygyň öňüni almak niýeti bilen, türme sakçylary Narymbaýewi 31-nji iýulda irden, Merkezi Aziýanyň iň uly şäheri Almatydaky kwartirasyna getirdiler.
Narymbaýew öýüne özüni görmäge gelen tarapdarlaryna, tussaglygynyň soňky 44 sagadynda, bellenen möhletinde, 29-njy iýulda boşadylmagyny talap edip, açlyk yglan edendigini aýtdy. Onuň näme sebäpden hökümde görkezileninden iki gün uzak saklanandygy entek belli däl.
"Men ýurtdan gitmekçi bolmaýaryn. Daşary ýurtda uzak ýaşadym. Men wakalaryň merkezinde, siz, halkym bilen bile bolmak we öz ýurdumyz üçin peýdaly bolmak isleýärin" diýip, Narymbaýew aýtdy.
Ol özüniň mugallym we syýasy hem-de kanun geňeşçisi hökmünde işlemekçidigini hem sözüne goşdy.