Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň häkimiýetleri aýal-gyzlara emeli kirpigi, dyrnagy ýene gadagan edip, olary 'ahlakly geýinmäge' çagyrýar

Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi gaýtadan güýçlendirip başladylar. Mary welaýatynyň häkimiýetleri edara-kärhanalaryň zenan işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olary “ahlakly bolmaga we geýinmäge” çagyrdylar. Resmiler düzgün bozanlaryň işden boşadyljakdygyny hem duýdurdylar.

“Aýal-gyzlara emeli kirpik, dyrnak dakdyrmak, saçyny sary reňke boýatmak we ýakasy açyk ýa-da aşa dar köýnekleri geýmek ýene gadagan edilýär. Olara iş ýerlerinde gulakhalka, ýüzük, zynjyr ýaly şaý-sepleri dakynmak hem gadagan edilýär. Bu gadagançylyk edara-kärhanalarda geçen aýyň ahyrynda geçirilip başlanan ýygnaklarda mälim edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji awgustda sebitden habar berdi.

Ýygnaklary geçirýän resmiler emeli dyrnak we kirpik dakdyran býujet işgärlerini orta çykardylar we gödek sözler aýdyp, köpçülikde kemsitdiler.

“Olar aýal-gyzlara ‘öz owadanlygyňyzy bozup, ahlak taýdan bozuk zenanlara meňzejek bolýarsyňyz’ diýdiler. Resmiler gadagançylygy bozanlaryň işden çykaryljakdygyny hem aç-açan duýdurdylar” diýip, ýygnaga gatnaşan maryly mugallym gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesi häkimiýetleriň bu gadagançylyklaryna berk nägilelik bildirýär. Ýöne olar başga iş tapmagyň juda kyndygyny belläp, ýygnaklarda öz nägileliklerini beýan etmekden saklanandyklaryny aýdýarlar.

“Näme üçindir döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlanlarynda, özlerine timar berýän aýal-gyzlary saýlap alýarlar. Indi bolsa olar bize ahlaksyz diýýärler. Bu bolýan zatlara nädip düşünmeli? Ahlaklylyk köýnekde, dyrnakdyr kirpikde däl-de, adamyň zandynda bolmaly” diýip, maryly şepagat uýasy aýtdy.

Maryly lukmanlaryň biri bolsa, ýurtda zenan bagşydyr sazandalara, sahna we telewideniýe işgärlerine azar berilmeýändigini, sebäbi olaryň syýasy propagandanyň bir bölegi we guraldygyny aýdýar.

“Häkimiýetler sada işgärlere, şol sanda bilim, saglyk we beýleki pudaklaryň işgärlerine azar berýärler” diýip, lukman belledi.

Ýygnaklardan soňra edara-kärhanalaryň käbirinde duýdansyz barlaglar hem geçirilip başlandy. Resmiler gadagançylygy bozan aýal-gyzlara düşündiriş ýazdyrýarlar.

“Düşündirişde indi bu işleri gaýtalamajakdygymyzy we öz çagalarymyza göreldeli zenan boljakdygymyzy ýazmaly bolýarys” diýip, maryly mugallym belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimliginden we Zenanlar birleşiginden kommentariýa alyp bilmedi.

Ýatlatsak, prezident Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yzysüre, geçen ýylyň aprelinden başlap, Türkmenistan aýal-gyzlaryň erkinligini çäklendirýän giň gerimli gadagançylyklaryň ençemesini güýje girizdi.

Häkimiýetler tarapyndan resmi derejede yglan edilmedik bu gadagançylyklaryň çäginde aýallara emeli kirpik, dyrnak dakdyrmak we gaş bejertmek, dar eşik geýmek, gysga balak, ýubka geýmek, makiýaž etmek, saçy sary reňke boýatmak, tatu etdirmek we botoks, silikon, epilasiýa hyzmatlaryndan peýdalanmak gadagan edildi. Bu hyzmatlary hödürleýän gözellik salonlarynyň onlarçasy ýapyldy.

Ýöne Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň depelenýändigi barada Azatlykda, halkara metbugatynda we jemgyýetinde yzygiderli maglumatlar çap edilensoň, ýurtda bu hyzmatlaryň aglabasynyň aýal-gyzlara gaýtadan hödürlenmegine rugsat berildi. Häkimiýetleriň bu babatda aýal-gyzlara gözegçiligi hem gowşapdy.

Ýöne ýurtda botoks, silikon, epilasiýa we tatu gadagançylygy heniz hem dowam edýär. Ilat arasynda bu hyzmatlara talabyň ýokary bolmagy, käbir hünärmenleri gizlin işlemäge we türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolmaga iterýär.

Erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň bardygyna kepil geçýän Türkmenistanyň hökümeti ýurtda aýal-gyzlar babatynda çäklendirmelere we kemsitmelere ýol berilmeginiň sebäplerini resmi derejede düşündirmekden saklanýar.

Bu mesele geçen ýylyň iýunynda ýekeje türkmen resmisi tarapyndan agzalyp, mejlisiň deputaty Serdar Arazow türkmen aýallary üçin kosmetiki amallaryň gadagan edilmeginiň "sanitariýa sebäplere esaslanýandygyny" aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве предполагаемые исполнители теракта в «Крокусе» останутся в СИЗО до конца лета

Треть пользователей маркетплейсов из Москвы сталкивались с обманом

Более 26 тыс. жителей Подмосковья прошли онкоскрининги в I квартале 2024 года

Свою работу начала самая толерантная криптобиржа с нулевой комиссией в P2P

Музыкальные новости

На заводах АО "Желдорреммаш" внедряется автоматизированная система по рекламационно-претензионной работе “Астрея”

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Путин: РФ и КНР наладят более тесное взаимодействие в инновационных отраслях

Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

Новости России

В Королеве прошла встреча с жителями МКД по проспекту Космонавтов

В округе Пушкинский возводят ЖК «Публицист» более чем на 2 тыс квартир

Арестованный главный кадровик МО Кузнецов помещен в СИЗО «Лефортово»

Выставку «Россия» посетил 13-миллионный гость

Экология в России и мире

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Страдания юного Аюша Булчун

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Moscow.media

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Завершен очередной этап строительства моста в Мнёвниках

Под красным куполом

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *