Almatydaky ýangyndan soň onlarça adam keselhana ýerleşdirildi
Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda 1-nji awgustda kök gatly ýaşaýyş jaýynda bolan ýangyndan soň azyndan 31 adam, şol sanda 16 çaga keselhana ýerleşdirildi.
Gyssagly kömek gullugy ýangyn söndürijileriň Akkendiň günbatar etrabynda turan ýangyny 96 minutda söndürendigini aýtdy.
Sosial ulgamlarda aşakda ýokarky gatdan ýykylýan ýa-da bökýän çagalary ýere düşmänkä tutmak üçin düşek ulanýan adamlaryň toparlaryny görkezýän dramatiki wideo peýda boldy.
Saglygy goraýyş işgärleri ýangyn turan binadan 250-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini aýdýarlar. Ölüm habary berilmedi.