Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda we Türkmenbaşyda dilegçilik edýän çagalar köpeldi

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galanda, Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň köpçülik ýerlerinde dilegçilik edýän we sadaka soraýan çagalar göz-görtele köpeldi. Çagalaryň aglabasy özleriniň bu işlere baş goşmagyna mekdebe özbaşdak taýýarlyk görmäge mejbur bolýandyklary bilen düşündirýärler.

“Çagalar esasan adamlaryň köp bolýan ýerlerinde, şol sanda söwda merkezlerinde, medeni seýilgählerde, Awazadaky myhmanhanalaryň golaýynda dilegçilik edýärler. Käbir çagalar ownuk hajathana kagyzlaryny, çig salfetkalary satmaga çalyşýarlar. Käbirleri bolsa, köwüş arassalap bermek ýaly hyzmatlary teklip edýärler” diýip, ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçymyz 2-nji awgustda aýtdy.

Çagalaryň ençemesi özleriniň ene-atasynyň işsizdigini, käbiri ýetimdigini aýdyp, täze okuw ýyly üçin zerur bolan zatlary özleri satyn almaly bolýandygyny we munuň üçin pul gerekdigini belleýär.

Häzirki wagtda bir çagany mekdebe taýýarlamak üçin 1800 manat çemesi pul gerek bolup, bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursuna görä, 514 ABŞ dollaryna barabar bolýar.

Türkmenbaşynyň köpçülik ýerleriniň, şol sanda myhmanhanalarynyň resmileri çagalaryň gözgyny ýagdaýlaryna rehimleri gelip, olary gazançdan mahrum etmekden saklanýarlar we olara hiç zat diýmeýärler.

“Ofiserimiz bize ownuk söwda edip, gazanç edýän çagalara degmezligi tabşyrdy. Ol ‘men döwlet gullukçysy bolup, alýan aýlygym çagalarymyň mekdep zerurlyklaryny üpjün etmäge ýetmeýär. Onsoň olaryň ýagdaýy has-da gözgyny. Hiç bir ene-atanyň günüň 35-40 gradus yssysynda öz çagalaryny dilegçilik, gazanç etmek üçin köçä keýpine goýbermejekdigini bilýäris. Çagalar hakykatdanam pula mätäç’ diýdi” diýip, türkmenbaşyly polisiýa işgäri aýtdy.

Aşgabatdaky habarçymyz dilegçilik edýän we sadaka soraýan çagalara esasan “Ylham” seýilgähinde duş gelse bolýandygyny aýdýar.

“Çagalaryň käbiri ene-atasynyň ýokdugyny, käbiri olaryň işlemeýändigini ýa syrkawdygyny ýa-da türmededigini aýdýar. Olar azyk almak üçin dilegçilik etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçymyz belledi.

Ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz şeýle maşgalalaryň tas hiç birine döwlet tarapyndan maddy kömek berilmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, ol häzirki wagtda ýurtda işsizligiň iň derwaýys meseledigini, ilatyň işe ukyply gatlaklarynyň hünärine ýa-da ukybyna görä iş tapyp bilmeýändigini hem belleýär.

“Iş berijiler Türkmenistandaky krizis ýagdaýyndan peýdalanyp, adamlara az zähmet hakyny töleýärler. Olar adamlaryň zähmetinden näresmi peýdalanýarlar we olary sosial goraglar bilen üpjün etmeýärler. Adamlar günde 12-13 sagatlap agyr işlerde işledilýärler we olara munuň üçin 20 manat tölenýär. Zähmetkeşleriň hukuklaryny goramaly döwlet edaralary bu kanun bozmalara göz ýumýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizis we giň ýaýran işsizlik, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, ýurtda el serýän, zibil dörýän, ogurlyk we talaňçylyk edýän raýatlaryň, şol sanda çagalaryň köpelmegine getirdi.

Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler adamlaryň dilegçilik etmeginiň, sadaka soramagynyň we zibilleri dörmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Белехова: после СВО к празднику 9 Мая стали относиться с четким осознанием

ПКР провел Паралимпийский урок в рамках традиционного фестиваля паралимпийского спорта «Парафест»

В Петербурге за сутки изъяли 2 тыс неправильно припаркованных самокатов

В Москве из-за новых обстоятельств отменят дело о нападении на журналистов

Музыкальные новости

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Новости России

Не надо злить Путина. Или почему посадили очередного зама

136 часов в пути: пассажирский поезд Чита-Адлер запустят с 18 мая

Страдания юного Аюша Булчун

В Москве из-за новых обстоятельств отменят дело о нападении на журналистов

Экология в России и мире

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Пермский край, Суксунский район

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Moscow.media

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков

Сервер российского вендора DатаРу прошел сертификацию и показал рекордную производительность при работе с SAP HANA







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *