Türkmenistan Türkiýeden deport bolan müňe golaý raýatyny yzyna getirýär
Bu türkmen zähmet migrantlarynyň has köp ýaşaýan Türkiýäniň häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýän döwrüne gabat gelýär.
Aşgabadyň Halkara aeroportundaky çeşmämiz Türkiýäniň deportasiýa merkezindäki bir müňe golaý türkmenistanlyny yzyna getirmek üçin, Türkmen howaýollarynyň birnäçe uçarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
“Deportsiýa edilenler üçin bu uçarlar mugt bolar. Getiriljek raýatlary, pandemiýa çäklendirmeleri döwründe bolşy ýaly, [Lebap welaýatynyň merkezi şäheri] Türkmenabadyň aeroportuna getirmek göz öňünde tutulýar” diýip, aşgabatly çeşmämiz belledi.
Azatlygyň saglyk pudagyndaky başga bir çeşmesi, Türkmenabatda eýýäm pandemiýa döwründen galan karantin zolaglarynyň täzeden ornaşdyrylyp başlanandygyny aýtdy.
“Derpotasiýa bolup gelenleri karantinde üç gün saklamak planlaşdyrylýar. Bu döwürde olaryň COVID testi alynar, şeýle-de jynsy ýollar bilen geçýän kesellere, şol sanda SPID-e (AIDS-e) ýolugyp-ýolugmandygy barlanlar” diýip, saglyk resmisi aýtdy. Şol bir wagtda, ol testleri pozitiw netije görkezen raýatlaryň mümkin soňky ykbaly barada entek anyk maglumatynyň ýokdugyny belledi.
Munuň bilen bagly, deportasiýa bolup gelen raýatlary sorag etmek üçin howpsuzlyk gulluklaryň hataryndan ýörite toparyň düzülýändigi hem bellenilýär. Bu barada habar berýän ýene bir ynamdar çeşmämiz, bu toparyň düzümine esasan MHM-niň Aşgabatdaky baş edarasynyň ofiserleriniň girýändigini belledi.
Ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň milli awiadaşaýjysyndan, Saglyk ministrliginden dagy goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmaýar.
Geçen aýyň başlaryndan bäri türk polisiýasy ýurduň dürli sebitlerindäki edara-kärhanalara giň gerimli reýdleri geçirip, şol sanda Türkmenistandan bolan bikanun migrantlaryň müňlerçesini saklap başlady. Bu çareleriň çäginde, türkmenistanlylaryň onlarçasy eýýäm deportasiýa edildi.
Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň resmi sanlaryna görä, bu ýurtda 200 müňden gowrak türkmen raýaty kanuny esasda ýaşaýar.
Hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.