Täjigistanyň, Özbegistanyň prezidentleri Aşgabada geldi
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi diýip, TDH habar berýär.
Resmi habara görä, Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylandy. Bu ýerde üç ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitinde, resmi habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.