“Yslam döwleti” topary öz lideriniň ýogalandygyny aýdýar
“Yslam döwleti” toparynyň metbugat sekretary 3-nji awgustda telegramda bu toparyň lideri Abu al-Hüseýin al-Huseýni al-Kuraşiniň aradan çykandygyny habar berdi.
Habarda onuň haçan öldürilendigi anyklaşdyrylmaýar. Metbugat wekili toparyň täze liderini Abi Hafsan al-Haşimi al-Kuraşi diýip yglan etdi.
2014-nji ýylda Yrakda we Siriýada birden güýçlenip, bu sebitleriň köp bölegini basyp alan YD özüni "halyfat" hasaplap, adamlaryň kellesini kesmek, köpçülikleýin atyp öldürmek bilen utgaşan terrorçylykly dolandyryşyndan soň edilen hüjümler astynda ýykyldy.