Moskwanyň golaýyndaky köpçülikleýin çaknyşykda iki täjigistanly öldürildi
1-nji awgustda Russiýanyň Moskwa sebitiniň Çehow şäherinde bolup geçen köpçülikleýin çaknyşykda iki sany täjik migranty öldürildi. Rus metbugatynyň hukuk goraýjy edaralara salgylanyp ýazmagyna görä, migrantlaryň arasynda dörän çaknyşyk wagtynda pyçaklanan iki adam şol ýerde jan berdi.
Täjigistanyň Russiýadaky ilçihanasy Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna bu hadysa 10 täjigistanlynyň gatnaşandygyny we güman edilýänleriň iki sanysynyň gözlenýändigini, beýlekileriň bolsa Moskwanyň Sebit Derňew Komiteti tarapyndan tussag edilendigini aýtdy.
Russiýadaky migrantlaryň arasynda şunuň ýaly köpçülikleýin dawa-jenjeller mundan öňem birnäçe gezek boldy.