Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: Balkanda 200-e golaý harby işgär öz arzasy bilen işden çykdy

Çeşme: Balkanda 200-e golaý harby işgär öz arzasy bilen işden çykdy

Şu ýylyň iýun we iýul aýlarynyň dowamynda Balkan welaýatynyň harby edaralarynyň 200-e golaý işgäri öz arzasy bilen işden çykdy. Muňa ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, döwlet tarapyndan harbylara berilýän aýlyk haklarynyň güzeran eklemäge ýetmezligi sebäp boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň welaýatyň harby pudagyndaky ynamdar çeşmeleri we öňki harbylar 4-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.

“Öz işlerini taşlan harbylar Balkanyň gorag polkunda, Türkmenbaşynyň deňiz goşunlarynda we deňiz institutynda, Gyzylarbat diwiziýasynda işleýärdiler. Olaryň aglabasy harby ofiserler we şertnamalaýyn esasda gulluk edýän harby deňiz starşinalarydy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Agzalan harby edaralardan işden aýrylan ençeme öňki harbynyň aýtmagyna görä, olaryň işlerini taşlamagyna aýlyklaryň ujypsyz we iş şertleriniň agyr bolmagy, şeýle-de harbylaryň jaý meselesiniň çözülmezligi sebäp bolupdyr.

“Deňiz goşunlarynyň ofiseriniň we şertnamalaýyn esasda gulluk edýänleriň aýlyklary 2800 manat, komandirleriň zähmet haky 5 müň manat töwereginde bolup, bu pul azyga zordan ýetýär, jaý ýa maşyn satyn alyp, ogul-gyzyňy okadyp bolmaýar. Döwletiň harbylary jaý bilen üpjün etmek meselesi boş wada bolmagynda galýar” diýip, balkanly öňki ofiser aýtdy.

Ýatlatsak, türkmen prezidenti harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin “mynasyp şertleriň” döredilmelidigini, şol sanda olar üçin jaý gurmak planlaryny ençeme gezek mälim edipdi.

Ýurduň beýleki welaýatlaryndan Balkana gelip, şertnamalaýyn esasda gulluk eden türkmenistanlylar bolsa, alan aýlyklarynyň jaý kireýine hem ýetmändigini aýdýarlar.

“Balkanda iň arzan kireýine kwartira 4-5 müň manat aralygynda durýar. Köp harby aýalyny we çagalaryny dogduk welaýatyndaky ene-atalarynyň öýünde goýup, özleri harby myhmanhanalarda umumy kazarma şertinde ýaşap işleýärler. Men üç çagamdan we aýalymdan aýra düşüp, 10 ýyldan gowrak wagt bäri harby ofiser bolup işlemedim. Olar ýylda diňe üç sapar görýärdim. Bu kynçylyklara garamazdan, Lebapdaky obamda jaý gurmaga pul ýygnap bilmedim. Öz hatar dostlarym Türkiýe we Russiýa ýaly ýurtlarda işläp, jaý we maşyn edinip, gurply hojalyklaryň hataryna girmegi başardylar. Men döwlet gullugynda ömrümi boşuna geçirenime gynanýaryn” diýip, 40 ýaşlaryndaky öňki ofiser aýtdy.

Çeşmelerimiz Balkanyň harby edaralarynda işleýän ofiserleriň tas 100 göteriminiň işden soň, taksiçilik ýa-da ussaçylyk ýaly işleri edip, goşmaça gazanç edýändigini hem aýdýarlar.

“Bu harbylaryň mertebesine gabat gelmeýär, ýöne olar güzeran eklemek üçin bu işleri etmäge mejbur bolýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň harby edaralaryndan we bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, ýurduň kanun goraýjy edaralarynda işden çykýan işgärleriň sanynyň artýandygyny habar berýär.

“Harby bölümleriň, harby mekdepleriň we hatda harby bellige alyş gullugynyň işgärleri işden çykarýarlar we daşary ýurtlara gidýärler... Köp adam harbylaryň syýahat etmeýändigine ynanýar, ýöne bu beýle däl. Gitmegiň ýollary bar. Harbylar köplenç dynç alşa barýan ýaly gidýärler. Olar Dubaýa ýa-da Türkiýä gitmek üçin hemme zatlaryny satýarlar. Soňra bolsa, olar “dynç alşa uçýarlar” we gaýdyp gelmeýärler” diýip, neşir 3-nji awgustda çap eden maglumatynda ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesiniň sözlerini sitirledi.

Türkmenistanda harbylaryň köpçülikleýin işden çykýandygy baradaky maglumatlar, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazanç gözleginde daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.

Habarçylarymyz soňky ýyllarda ilatyň diňe işsiz gatlagynyň däl, eýse döwlet işlerinde zähmet çekýän raýatlaryň, şol sanda polisiýa işgärleriniň, mugallymlaryň we lukmanlaryň hem daşary ýurtlara işlemäge gidýändigini, sebäbi aýlyklaryň güzeran eklemäge ýetmeýändigini habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlarynyň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine aç-açan elýeterli etmeýärler. Ýöne olar raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegini çäklendirmek ugrundaky çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Soňky aýlarda raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary ýitileşip, pasport üçin resminama tabşyrmagyň nobaty dekabr aýyna çenli uzady. Mundan ozal, käbir býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edildi, käbirinden bolsa özleriniň biometriki pasportlaryny Döwlet Migrasiýa gullugyna tabşyrmak talap edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Московская неделя интерьера и дизайна 2024

Москва и Пекин договорились продвигать изучение русского и китайского языков

Треть пользователей маркетплейсов из Москвы сталкивались с обманом

В Москве предполагаемые исполнители теракта в «Крокусе» останутся в СИЗО до конца лета

Музыкальные новости

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Новости России

Борисов назвал срок начала «экспансии» Луны Россией и Китаем

Суд продлил срок ареста третьему исполнителю теракта в "Крокусе"

BAZA: В Москве памятник Иосифу Кобзону рекламировал наркошоп

Арестованный главный кадровик МО Кузнецов помещен в СИЗО «Лефортово»

Экология в России и мире

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Звуковая зубная щетка Revyline RL060 White и зубная паста Revyline Smart заказать в Назрани

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Завершен очередной этап строительства моста в Мнёвниках

Фикс-тариф будет доступен всем пользователям BelkaCar

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Axenix выводит на рынок систему поддержки принятия решений SmartAx







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *