Ömrüni kitap, kitaphana işine bagyşlan alym Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy
Taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýew 84 ýaşynda aradan çykdy.
Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk we bibliografiýaşynaslyk” kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýärdi diýip, habarda aýdylýar.
Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumatlarda ýaşuly alymyň haçan we nähili ýagdaýda, haýsy dertden ýogalandygy anyklaşdyrylmaýar.
Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny tamamlan Almaz Ýazberdiýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda işe başlap, bütin ömrüni we döredijiligini esasan kitaphana işine bagyşlaýar.
Ol, “atavatan-turkmenistan”neşiriniň maglumatyna görä, 1963-nji ýyldan MYK-nyň baş bibliografy, 1965-nji ýyldan — ylmy bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1967-nji ýyldan — direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary, 1973-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2017-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kitaphananyň direktory wezipelerinde isleýär.
Facebook ulanyjylaryň biri türkmen alymy hakynda özbek alymy E.A. Ahunjanowyň rus dilinde ýazan makalasynyň salgysyny paýlaşypdyr.
Ol makalada Almaz Ýazberdiýewiň ömri we döredijiligi hakynda mümkin boldugyça giň maglumat berilýär. Özbek alymynyň makalasynda Almaz aganyň 1939-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Daşoguz sebitinde doglandygy aýdylýar.
Şeýle-de, habarlarda Almaz aganyň yzynda 4 oglunyň, 1 gyzynyň, 13 agtygynyň, 5 çowlugynyň galandygy aýdylýar.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty adatça ýurtda giňden tanalýan adamlaryň ölümi hakynda habar bermegi zerur hasaplamaýar.