Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy

Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy

7-nji awgustda Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde ýüzlerçe adam azyk ýetmezçiligine garşy protest geçirip, şäher häkimi bilen dawalaşdy. Bu barada sebitden habarçymyz maglumat berdi. Nägilelik çäresi ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, şol sanda prezidentiň golaýdaky Awaza zolagyna dynç alşa gelen döwrüne gabat geçdi.

Duşenbe güni ir sagat sekizlerde esasan aýal maşgalalardan ybarat ýüzlerçe adam şäher häkimliginiň binasynyň öňünde toplandy. Olar fewraldan bäri un, ýag ýaly azyk paýlarynyň berilmeýändigine nägilelik bildirip, häkimiň özleri bilen çykyp gürleşmegini talap etdiler.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň degişlilikdäki arzan önümlerine garaşly bolup galýar.

Habarçymyz protest çäresiniň, görnüşinden, guramaçylarynyň bolman, onuň öz-özünden döräne meňzeýändigini aýtdy. Ol protestiň döwlet dükanlarynda arzan harytlaryň satuwynyň bes edilen wagtyna gabat başlanandygyna hem ünsi çekdi.

“Häkimligiň işgärleri başlygyň edarada ýokdugyny, onuň etraplara aýlanmaga gidendigini öňe sürdüler. Emma adamlar häkime garaşmaga niýetleriniň ýokdugyny, bu ýagdaýda özleriniň göni Awaza ýöriş edip, arzlaryny deňizde dynç alýan prezidente elin eşitdirjekdikleri bilen haýbat atdylar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, häzir ýurduň ýolbaşçy düzümi Türkmenbaşy şäherinden 15 km uzaklykdaky Awaza zolagynda dynç alýar. 5-nji awgustda kurort şäherine prezident Serdar Berdimuhamedowyň özi hem geldi.

Protestçileriň prezidentiň bolýan ýerine ýöriş etjekdigi baradaky haýbatyndan soň, has ozal iş ýerinde ýokdugy aýdylan häkim dessine edaradan ylgap çykdy we barha gyzyşýan adamlary köşeşdirmäge synanyşdy.

Ol protestçileriň has aktiw bir bölegini häkimligiň mejlisler zalyna çagyrdy. Emma aýallar muňa razy bolman, ähli zady daşarda, ilortalaýyn gürrüň etjekdiklerini aýtdylar.

Mundan soňra, häkim çäkli hem bolsa, döwlet dükanlarynda arzan çöregiň satuwyny gurajakdygyny, hususyýetçileriň bahalaryna hem gözegçilik etjekdigini söz berdi.

“Häkim adamlary dargatjak bolup, tas ýalbarmaga çenli baryp ýetdi. Awgustyň 25-den soň, paýoklaryň paýlanyp başlajakdygyny aýtdy. Ol Awaza ýöriş etseler, ýa-da şäherde şeýdip ýygnanyşyp dursalar, onda prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň olara garşy ýarag ulanyp biljekdigini hem aýtdy” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady we häkimiň gaty aljyraňly görünendigini belledi.

Häkimiň bu wadalaryndan soň, adamlar dargamaga razy boldular.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça Türkmenbaşy şäher häkimliginden maglumat almak başartmady.

Bu özgerişlikler, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň arasynda, dilegçilik edýän we zir-zibil dörýän raýatlaryň göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýär.

Häkimiýetler bar bolan problemalara garşy göreşmegiň deregine, meselä ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.

Şol bir wagtda, soňky aýlar ýurduň dürli künjeklerinde azyk paýlarynyň gijikdirilmegi ýa hut satuwdan aýrylmagy bilen bagly ilatyň nägilelikli çäreleri köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Московской области произвели более 116 тыс т корма для домашних животных

20 мая в филиалах МОККВД пройдет день бесплатной диагностики родинок

Москвичка оставила ребенка с ДЦП одного на пять дней, сейчас он в больнице

Новый дом построили в микрорайоне Рекинцо-2 в Солнечногорске

Музыкальные новости

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

Новости России

В Московской области произвели более 116 тыс т корма для домашних животных

8 мая мир отмечает день борьбы с талассемией

Свыше 350 студентов подготовят к работе вожатыми в Подмосковье

В России хотят установить максимальный порог для расходов на ЖКХ

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *