Gyrgyzystan ýurduň günortasynda onlarça dini guramany ýapdy
Gyrgyz häkimiýetleri Oş sebitinde ýerleşýän 39 metjidi we 21 dini bilim guramasyny ýapandyklaryny aýdýarlar.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň metbugat gullugynyň aýatmagyna görä, bu çäre, geçirilen derňewler esasynda, dini azatlyklar we dini guramalar baradaky kanunyň berjaý edilmezligi, gurluşyk ülňüleriniň saklanylmazlygy, arassaçylyk we ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykarylandan soň görüldi.
Geçirilen derrew barada jikme-jik maglumat berilmedi.
Resmi maglumata görä, Gyrgyzystanda 2600 töweregi metjit, 100-den gowrak medrese we 10 sany yslam ýokary okuw mekdebi bar.