Angliýa Gulnara Karimowanyň Angliýadaky emläklerini konfiskasiýa etdi
Britaniýanyň Çynlakaý galplyklar baradaky edarasy (SFO) Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gulnara Karimowanyň Angliýadaky üç emlägini konfiskasiýa etdi.
Konfiskasiýa edilen emläkleriň umumy bahasynyň $25.5 milliondan gowrakdygy aýdylýar.
Pul ýuwmakda aýyplanan we 13 ýyl azatlykdan mahrum edilen Gulnara Karimowa häzir Özbegistanda türme möhletini geçirýär.
Karimowanyň Şweýsariýadaky, Fransiýadaky we Birleşen Ştatlardaky emläkleriň umumy mukdary takmynan 1,4 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
Özbegistan bu serişdäniň azyndan 1 milliard dollaryny yzyna almaga synanyşýar.
Bir zaman kakasynyň mümkin bolan mirasdüşeri hasaplanan 51 ýaşly Karimowa Şwesiýada we Şweýsariýada hem pul ýuwmak derňewleri bilen ýüzbe-ýüz boldy.