Berk çäklendirilen “Awazada” 10 günlük konsert-marafon başlandy
Hazaryň kenaryndaky “Awazada” üçünji gün agşam 10 günlük konsert-marafon başlandy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
“Deňiz” hojalyk jemgyýetiniň “Jadyly kenar” dynç alyş seýilgähinde türkmen estrada artistleriniň tomusky dynç alyş möwsümine meýilleşdiren çykyşlarynyň ilkinjisi guraldy diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň tanymal bagşy-sazandalarynyň gatnaşmagynda 18-nji awgusta çenli dowam etjek konsertleri Medeniýet ministrligi bilen Balkan sebitiniň administrasiýasy bilelikde gurapdyr.
Bu konsertler tapgyry ol ýerde dynç alýan ýokary derejeli resmiler bilen baglylykda girizilen berk çäklendirmeleriň arasyna gabat geldi.
13-nji awgustda bu konsert sahnasyna Döwlet drama teatrynyň artistleri hem goşular, olar “Geliň, güleliň!” tapgyryna girizilen iň gowy komediýa sahnalaryny görkezerler diýip, “Orient’ neşiri konsertleriň we çykyş etjek artistleriň doly sanawynyň salgysyny görkezýär.
Türkmen aýdymçylary adatça ýurtdaky režimi we olaryň döreden 'bagtly' döwrüni wasp edýärler, olaryň arasynda nägile adamlaryň diňlemek isleýän protest aýdymalaryny döretmek we aýtmak meýilleri kän göze ilmeýär.
Bu marafon Aşgabat teatrlarynyň nobatdaky möwsümini açan wagtyna gabatlanyp başlandy.