Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar

Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar

Türkmenistanda onkologiýa kesellerini bejerýän hassahanalardaky hyzmatlar raýatlary kanagatlandyrmaýar. Olardaky enjamlar kadaly işlemeýär. Dermanlar we medisina serişdeleri ýetmezçilik edýär. Bu ýagdaýlar barada näsaglaryň we olaryň hossarlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

“Welaýatlardaky onkologiýa bölümleri zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilmedik. Meselem, onkologiýa hassalarynyň şöhle bejergisi üçin zerur bolan enjam diňe Aşgabadyň we Marynyň onkologiýa keselleri hassahanalarynda bar” diýip, ejesi rak keselinden bejergi alýan lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Ol bu hassahanalarda hem enjamlaryň hatardan çykmagy ýa-da doly güýjünde işlemezligi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny belleýär. Bu bolsa, näsaglaryň saglygyna has-da ýaramaz täsir edýär.

“Soňky gezek şöhle bejergisini almak üçin Aşgabada baranymyzda, lukmanlar şöhle enjamynyň işlemeýändigini aýtdylar we bizi Mara ugratdylar. Men näsag kakamy ýene Aşgabatdan Mara alyp gaýtmaly boldum. Çykdajylar kän bolýar, ýöne ol hem hiç, uzak ýollar ýaramaýan kakamyň saglyk ýagdaýy has-da beterleýär” diýip, lebaply başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Näsaglaryň we olaryň hossarlarynyň ençemesiniň aýtmagyna görä, dermanlar we medisina enjamlary, şol sanda anesteziýa, narkoz serişdeleri we agyr näsaglar üçin arabalar ýetmezçilik edýär.

“Näsaglar medisina barlaglaryndan geçmek üçin birnäçe sagat nobatlarda garaşmaly bolýarlar. Hassahanalarda oturgyçlar hem ýetmezçilik edýär. Kähalatlarda analizleriň netijeleri dogry çykmaýar. Laboratoriýa barlaglary her gezekde dürli diagnoz görkezip bilýär. Şeýle-de, agyrylaryna çydap bilmeýän näsaglar üçin dermanlar tas ýok diýen ýaly. Lukmanlar operasiýalarda ulanylýan anesteziýanyň, narkozyň hem juda azdygyny aýdýarlar. Bu serişdeler ölümiň bäri ýanynda ýatan näsaglara berilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.

Medisina işgärleriniň näsaglara edýän hyzmatynyň hem öwerlikli däldigi aýdylýar. Näsaglar özlerine himiýa bejergisinde berilýän dermanlaryň dogry ulanylmaýandygyny aýdýarlar.

“Käbir şepagat uýalary hassahanadaky işlerini tiz wagtyň dowamynda dynmak üçin haýaljykdan goýberilmeli dermanlary çaltlyk bilen damardan goýberýärler. Olar näsagy berjermegiň deregine, saglygyna howp abandyrýarlar. Lukmanlar her operasiýa üçin el aklyk alýarlar. Onuň möçberi ýüzlerçe manada barabar bolýar. Adamlar hassahana üçin öňünden pul jemlemeli bolýarlar” diýip, lebaply näsag habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan hassahanalardan we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurt raýatlarynyň arasynda onkologiýa keseliniň derejesi we bu baradaky statistikany ilat köpçüligine aç-açan mälim etmeýärler. Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda hem, bu baradaky statistika halka elýeterli bolan maglumatlaryň hatarynda görünmeýär.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda türkmen häkimiýetleri täze hassahanlaryň onlarçasyny gurdular. Resmi media bu hassahanalaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýändigini ýygy-ýygydan habar berýär.

Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ýurduň hassahanalarynyň, şol sanda onkologiýa keselleri bölümleriniň we lukmanlarynyň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigi, şeýle-de bu keselden ölýänleriň köpdügi barada ençeme gezek habar berdiler.

Geçen hepde habarçylarymyz soňky döwürde saglygyna seretdirmek üçin Eýrana sapar edýän türkmenleriň göz-görtele köpelendigini, näsaglaryň arasynda esasan onkologiýa kesellerinden ejir çekýän raýatlaryň bardygyny habar berdiler.

Mundan başga-da, häkimiýetler şu ýylyň tomus paslynyň başyndan bäri Balkan we Mary welaýatlaryndaky aýal-gyzlarda uçdantutma onkologiýa barlaglaryny geçirýärler.

Ýurduň günbatar welaýatyndaky lukmanlar hökümet meýilnamasyna salgylanyp, barlaglaryň geçirilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

На телефонных и кибермошенников можно пожаловаться в полицию Подмосковья

Парки стали главным приоритетом для покупателей недвижимости в Москве

Наблюдатели ждут перемен // В Общественной палате обсудили предложения по совершенствованию системы контроля за ДЭГ

Три человека пострадали в ДТП на северо-западе Москвы

Музыкальные новости

Центральная Азия под лупой. Эксперты обсудят миграционные проблемы

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

Новости России

Дмитрий Бикбаев готовит премьеру театрального проекта, основанного на личных переживаниях

Детские сады в Санкт-Петербурге станут бесплатными

«Марионеточная инстанция»: Небензя выступил против присутствия МУС в Совбезе ООН

Путин рассказал, что регулярно созванивается с Си Цзиньпином с 2010 года

Экология в России и мире

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

"Помогу оформить детские пособия". Почему имя Мухаммад бьёт рекорды в ХМАО

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *