Berdimuhamedow BMG-niň başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, duşuşygyň dowamynda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow sebit merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Şeýle-de, Kaha Imnadzäniň Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine, netijeli syýasy-diplomatik dialogyň ilerledilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtandygy aýdylýar.
Türkmenistan halkara hukuk guramalary tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär, esasy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň yzygiderli bozulmagynda, türmeleri ilaty gorkuzyp saklamak üçin ulanmakda tankyt edilýär.