Gazagystan garagalpak aktiwistleriniň gaçybatalga haýyşyny ret etdi
Gazak häkimiýetleri Özbegistana ekstradisiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýan garagalpak aktiwistlerine gaçybatalga bermekden ýüz öwürdiler.
Aktiwistleriň tarapdarlary bu iki adamyň geçen ýyl Özbegistanyň Garagalpak awtonom respublikasynda bolan köpçülikleýin protestler bilen baglylykda, syýasy sebäpler esasynda kazyýet jogapkärçiligine çekiljekdigini we gynamalara sezewar ediljekdigini aýdýarlar.
Gazagystanda ýaşaýan garagalpak aktiwisti Akylbek Muratbaý 14-nji awgustda ozal twitter diýip bilinýän X sosial ulgamynda Koşkarbaý Toremuratow we Žangeldi Žaksymbetowyň gaçybatalga haýyşlarynyň 31-nji iýulda ret edilendigini, emma munuň diňe häzir belli bolandygyny ýazdy.
Gazak resmileri bu karary yglan etmediler.
Toremuratow we Žaksymbetow 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, özbek resmileriniň haýyşy boýunça tussag edildi.
Özbek häkimiýetleri bu iki adamy Özbegistanyň konstitusiýa düzgünine wehim salmakda aýyplaýar.