Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mary welaýatynyň bir geňeşliginde ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sarygarynja basýar

Mary welaýatynyň bir geňeşliginde ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sarygarynja basýar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginde köp sanly hojalyklaryň howly jaýlaryny sary garynja basýar. Ýerli ýaşaýjylar garynja howpuna garşy özleriniň çäresiz, häkimiýetlerden edýän ýardam haýyşlarynyň bolsa, jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.

“Öten agşam çagalar bilen howly jaýymyzdaky otaglaryň birinde agşamlyk edinip otyrkak, birdenkä agaç polumyz döwlüp, aşak çökdi. Meniň polluk agajym galyň, döwülmeli agaç däl. Nädip beýle bolandygyna düşünmek üçin, ýerzemine düşüp, barlap görsem, polumyň aşak ýüzi palçyk bilen suwalypdyr. Men şonda sary garynjalaryň öýüme girip, agaçlarymy iýýändiklerine düşünip galdym” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýdýar.

Momataý geňeşliginiň ýaşaýjylary sary garynjalaryň obanyň çäginde üç-dört ýyl mundan ozal peýda bolup başlandygyny aýdýarlar.

“Sary garynjalar jaýyňa girse iki ýylyň içinde jaýyňy ýumurýar” diýip, öten agşam poly çöken oba ýaşaýjysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol wakanyň yz ýany çagalary bilen daş çykyp, traktor ýangyjyny getirýär we ýaşaýyş jaýynyň agaç pollaryny dizel ýangyjy bilen ýuwup başlaýar. Ýerli ýaşaýjylar dizel ýangyjynyň sary garynjadan goraýandygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.

“Häzir jaýda ýatyp-turar ýaly däl, güýçli ýangyç ysy bar. Çala kükürt çaksaň, öýüme ot düşýär” diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar sary reňkli garynjalary ‘termit’ atlandyrýarlar we olaryň jaýlardaky agaç gapylary we penjireleri iýýändiklerini aýdýarlar.

Mör-möjekler maşgalasyna degişli termitleriň ýüzlerçe görnüşi bolup, ylmy barlaglara görä, Merkezi Aziýada, Hazar deňziniň gündogar tarapyndaky sebitlerde termitiň “turkestanicus” görnüşiniň giň ýaýrandygy anyklandy.

Hünärmenleri, hususan-da, Aral deňziniň guramagy bilen, çöl tokaýlarynyň çolaryp, gyrymsy agaçlaryň azalandygyny, munuň bolsa, sebitde termitleriň dört görnüşiniň üçüsiniň, hususan-da, Türkistan termitiniň örňemegine getirendigini aýdýarlar. Termitleriň bu görnüşi gurakçylykda giňden ýaýraýar. Guran agaçlar temitler üçin aýrylmaz azyk hasaplanýar. Howanyň maýlamagy bilen bagly global aladalaryň arasynda soňky birnäçe ýyl bäri Merkezi Aziýa sebitine, şol sanda Türkmenistana gurakçylyk aralaşýar.

Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginiň beýleki bir ýaşaýjysy bäş otagly howly jaýynyň şiferleriniň, ýagny ýapyrgyçlarynyň ýykylandygyny, şiferleri saklaýan tagta diregleriň sary garynjalar tarapyndan iýlip, zaýalanandygyny gürrüň berýär.

Şeýle-de, käbir ýaşaýjylar sarygarynjalaryň çig kerpiçden salnan jaýlaryň diwarlarynda mesgen tutýandyklaryny aýdýarlar.

“Biz hiç hili çykalga tapyp bilemizok. Ýüz tutmadyk ýerimiz, maslahat soramadyk adamymyz galmady. Hiç kim sarygarynjalardan nädip gutulyp bolýandygyny aýdyp bilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ençeme raýatlar häli-şindi zyýanly mör-möjekleriň, şol sanda çekirtgeleriň ýaýramagy, galyberse-de, gemrijileriň, syçanlaryň we alakalaryň köpelmegi we bu janly jandarlaryň hususan-da oba ýerlerinde ekerançylyga zyýan ýetirmegi bilen bagly aladalaryny beýan edip gelýärler. Ýerli ýaşaýjylar mör-möjeklere we gemrijilere garşy Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zerur ýardamlar bilen üpjün etmeýändigini aýdyp, şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ozalky ýyllarda hem sarygarynjalaryň ýurduň gündogar we günorta-gündogar sebitlerinde hojalyk jaýlara we mekdeplere zyýan ýetirmegi barada habar berdiler.

2020-nji ýylyň oktýabarynda Lebap welaýatynyň Darganata, Halkabat we Gazojak sebitleriniň azyndan dört şäherçesinde termitler peýda boldy. Sebit ýaşaýjylary uly zyýan çekdi.

Has ozal, 2011-nji ýylyň fewralynda Halaç etrabynda umumybilim berýän bir orta mekdebiň gapylarynyň we penjireleriniň sarygarynjalar tarapyndan gemrilip, zaýalanandygy mälim boldy.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri sebitdäki sarygarynja çozuşlary barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan sebit ýaşaýjylarynyň ençemesi welaýatyň diňe bir Ýolöten etrabynda däl, eýsem, başga-da köp sanly etraplarynda ilatyň termit çozuşlaryndan ejir çekýändiklerini aýdýarlar.

“Sanitariýa gullugy hiç hili peýdaly maslahat bermeýär. Termitleri nädip ýok etmelidigi belli däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Mary sebitinde sarygarynjalaryň ýaýramagy baradaky habarlar boýunça welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Эксперт по кибербезопасности Мясоедов назвал хорошей идею автоматических штрафов

Новая песня от группы Местные вандалы

Игорь Крутой выбирает конкурсантов «Новой волны- 2024»

В ЦСКА прокомментировали состояние Торопа после столкновения с Алипом

Музыкальные новости

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.

В Калининграде впервые состоялись всероссийские соревнования по самбо «Кубок пяти морей»

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Новости России

В ЦСКА рассказали о характере травм вратаря Торопа

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

В Москве стартовали онлайн-показы фестиваля документального кино "ОЗА"

Экология в России и мире

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Moscow.media

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Из-за дефектов на мосту через Волгу на трассе А-298 в Саратовской области ограничили скоростной режим

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *