ABŞ: Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky ýarag söwdasy BMG kararlaryny bozar
Birleşen Ştatlar Russiýanyň Demirgazyk Koreýa bilen ýarag şertnamasyny baglaşmagynyň BMG-niň kararlaryna ters gelýändigini we ony bozjakdygyny aýdýar.
"Demirgazyk Koreýa bilen Russiýanyň arasynda islendik howpsuzlyk hyzmatdaşlygy ýola goýulsa ýa-da ýarag şertnamasy baglaşylsa, bu BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň birnäçe kararyny bozar" diýip, döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wedant Patel 15-nji awgustda aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un 15-nji awgustda, Phenýanyň Demirgazyk Koreýanyň Milli azat ediş gününi bellelemegine gabat, iki ýurduň arasyndaky has uly gatnaşyklar barada gürrüň etdiler.