Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Aýalyň orny ýa-ha öý, ýa-da mazar". Näme üçin "Talyban" gyzlara bilim almagy gadagan edýär?

Owganystan dünýäde ýaş gyzlaryň mekdebe gitmegine rugsat berilmeýän ýeke-täk ýurtdur. Şol bir wagtda, yslam dini gyzlaryň we aýallaryň bilim almak hukugyny çäklendirmeýär. Onda näme üçin harby yslamçy topary bolan "Talyban" altynjy synpdan soň, gyzlaryň mekdebe gatnamagyny gadagan edýär?

Gyzlaryň we aýallaryň bilim almaga hukugy bütin dünýäniň 200-den gowrak ýurtlarynda we territoriýalarynda, şol sanda köplügi musulmanlar bolan 50-ä golaý döwletde ykrar edilýär.

Muňa garamazdan, barlyşyksyz söweşiji topar "Talyban" iki ýyl mundan ozal Owganystanda häkimiýete dolanyp gelenden bäri, ýaş gyzlara altynjy synpdan soň, mekdepde gatnamagy gadagan etdi. Aýal-gyzlaryň uniwersitetlerde okamagyna gadaganlyk girizdi.

Ýurduň içinde owganystanly aýal-gyzlaryň geçiren köp sanly protestleri, halkara jemgyýetçiliginiň täsiri, musulman dünýäsiniň alymlarynyň we ruhanylarynyň aralykçy hyzmaty "Talyban" fundamentalistlerini mekdepleri ýaňadan açmaga razy edip bilmedi.

Bu gadaganlyk söweşijileriň esasy toparyny düzýän puştunlaryň yslamy düşündirişiniň tire däp-dessurlary we medeni däpleri bilen baglymy ýa-da "Talybanyň" ýokary yslam ideologlary tarapyndan düşündirilişi bilen şertlendirilýärmi; bu barada bilermenler bir pikirde däl.

"Talyban" ýolbaşçylarynyň köprägi etniki puştunlar bolup, olar sünni musulman ruhanylarydyr. Olaryň köpüsi goňşy Pakistanyň Deobandi medresesinde bilim alypdyrlar. Deobandizm XIX asyrda Britan koloniýasy döwründe Hindistanda, puritan hereketi hökmünde ýüze çykypdy. Sünni Hanafi hukuk mekdebiniň ýörelgelerine esaslanýan deobandizm Owganystanda we Pakistanda yslamçylaryň arasynda belli akym hasaplanýar.

TIRE-TAÝPA TÄSIRI

Tejribeli owgan žurnalisti we aň-bilim ýaýradyjy Sami Ýusufzaý "Talybanyň" aýallara garşy çäklendirmeleriniň gündogar we günorta Owganystanda sosial däp-dessurlardan we medeni ýörelgelerden gelip çykýandygyny aýdýar.

"Talyban" liderleriniň köpüsi dürli oba puştun tire-taýpalaryndan gelip çykanlar.

Puştun etraplarynda ruhanylaryň we dini ýolbaşçylaryň maşgalalaryndaky ýagdaý we "Talybanyň" esasy ynançlary barada Ýusufzaý şeýle diýýär: «Olar aýallaryň orny ýa-ha öý, ýa-da mazar diýýärler. Häzirki "Talyban" syýasatçylarynyň maşgalalaryndaky aýallar hiç haçan bilim almandylar we hiç haçan öýlerini terk etmediler. Ol aýallar hiç haçan ne hökümete, ne-de hökümete degişli däl guramalarda hiç hili wezipäni eýelemediler».

Bilermen 1994-nji ýylda Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda bu hereket ýüze çykanyndan bäri yslamçy topary yzygider öwrenip gelýär.

Ýusufzaý "Talyban" topary şeýle pikirleri goldaýan yslam dinine esaslanyp, bu dünýägaraýşyň ugry boýunça öz syýasatyny ýöretjekdigini aýdýar.

Ýusufzaý "Talyban" toparynyň şeýle pikirli dünýägaraýyşdan emele gelen we yslam dinine esaslanýan ideýa bilen öz syýasatyny goldaýandygyny düşündirýär. Onuň sözüne görä, "Talyban" liderleri aýallaryň öýlerini terk etmegine päsgel berýän Muhammet pygambere degişli aýdylýan pikire salgylanýarlar.

«Olaryň esasy ynanjyna laýyklykda, kämillige ýeten gyzlar hiç bir ýagdaýda öýünden çykyp gitmeli däl. Ine, şonuň üçin hem olar bilim almak ýa-da işe gitmek üçin, öýünden gidýän aýallaryň ahlak taýdan bozukdygyna ynanýarlar» diýip, ol aýdýar.

 

40 milliona golaý adamdan ybarat musulman ýurdy, aktiwistler we ynsan hukuklaryny goraýjylar "Talybany" Owganystanda "gender aparteidini" amala aşyrmakda aýyplaýarlar, sebäbi "Talyban" aýallaryň bilim almagyny, işlemegini, hereket azatlygyny gadagan edip, aýallaryň köpçüligiň öňünde haýsy görnüşde peýda bolup biljekdigini kesgitleýärler.

Musulmanlaryň köpüsi yslamyň aýallara bilim almaga mümkinçilik berýändigi bilen ylalaşýar, ýöne "Talyban" ylalaşmaýar. Owganystanyň orta mekdepleriniň ählisi diýen ýaly erkek-aýal toparlara bölünen, "Talyban" häkimiýeti ele geçirenden bäri uniwersitetler hem erkekleriň we aýallaryň arasynda berk bölündi.

Dünýädäki barlyşyksyz ýörelgeleri ileri tutýan musulman jemagatynda, käbir ruhanylar aýallaryň bilimini, işlemegini we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny çäklendirmegi öňe sürýärler diýip, Sami Ýusufzaý belleýär. Emma şeýle ýurtlaryň hökümetleri, adatça, beýle pikirlere garşy çykýarlar ýa-da olary çäklendirýärler.

Soňky ýyllarda iň tutanýerli musulman ýurtlarynyň biri, aglaba köplügi sünnilerden bolan Saud Arabystany aýallara maşyn sürmäge rugsat berdi we olara ýanynda adamsy bolmasa-da, hereket erkinligini berdi. Bu ädilen ädim mirasdar şazada Muhammed bin Salmanyň reforma we modernizasiýa hereketiniň bir bölegi bolup durýar.

“Talybanyň” zenanlaryň bilim almagyny gadagan etmegi bütin dünýädäki musulmanlaryň giň ýazgarmalaryna sezewar boldy.

«Talyplaryň aýallaryň bilimine girizen gadaganlygy [yslamda] şerigat kanunyna esaslanmaýar, gaýtam yslam dininiñ taglymatyna garşy gelýän medeni tarapgöýlügi görkezýär» diýip, ABŞ-daky jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça Musulman geňeşiniň prezidenti Salam al-Maraýati aýtdy.

"Talyban" däbiniň tersine, «Yslam bilimi agtarmagyň ähmiýetini nygtaýar we jynsyna garamazdan hemme adamy bilim almaga ruhlandyrýar» diýip, ol sözüne goşdy.

TARYHY KONFLIKT

Şeýle-de bolsa, "Talybana" gyzlar üçin mekdepleri ýene-de açmagy teklip edýän yslam alymlary başga düşündirişleri-de öňe sürýärler.

Yslamçy alym we BBC-niň öňki gepleşik alyp baryjysy Ýahýa Mohammad Butt Günbatarda doglup, Hindistandaky Dar ul-Ulum Deobandi mekdebini gutaran ýeke-täk bilermen hasaplanýar. Ol talyplaryň gyzlaryň bilimi baradaky syýasatynyň tire-taýpa medeniýetine esaslanmaýandygyny, häzirki zaman dünýewi bilim meselesiniň asyrlar boýy dowam eden gapma-garşylyklaryň netijesidigini öňe sürýär.

 «Aslynda gyzlaryň bilimi we umuman häzirki zaman bilimleri Owganystanda dünýewi meseleleriň goýluşyna laýyklykda döredi" diýip, ol aýdýar.

1920-nji ýyllarda konserwatiw ruhanylaryň, tire-taýpalaryň, şeýle hem jemgyýetçilik ýolbaşçylarynyň bileleşigi reformaçy şa Amanulla Hany tagtdan düşürdi. Ol türk lideri Kemal Atatürküň göreldesine eýerip, Owganystany dünýewi durmuşa ugrukdyrmak isledi we döwrebap bilimi hem-de aýallaryň hukuklaryny öňe sürýärdi.

Bu garşylyk dünýewiligi öňe sürýän oppozisiýa tarapyndan dowam etdi. Konserwatiw ruhanylar bolsa aýallaryň bilimine we işlemegine garşy çykdylar. Meselä şeýle garaýyş 1978-nji ýylyň aprel aýynda, owgan monarhiýasyny ýok eden harby gozgalaňdan soň, Sowetleriň tarapdary bolan owgan kommunist hökümetine garşy çykan yslamçylaryň esasy göreşine öwrüldi. Mujahitler kommunistleri bilim berip, aýallaryň hukuklaryny artdyryp, ahlaksyzlygy ýaýratmakda aýypladylar.

«Bu bolsa Owganystanda gyzlaryň bilim almagy meselesinde, konserwatiw toparlaryň aýratyn seresap bolmagyna getirdi" diýip, Butt pikirini jemleýär.

«ÇUŇŇUR IDEOLOGIKI YNANÇLAR»

Amerikanyň Owganystan uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça mugallymy Obaýdulla Bahir geçen ýyl gadagançylygy ýatyrmak synanyşyklaryna gatnaşyp, "Talyban" bilen gepleşikler geçirdi. Şol tagallalaryň şowsuzlyga uçrandygynyň sebäpleriniň "Talybanyň" häzirki ýokary lideri molla Haýbatulla Ahundzadeniň "gadaganlyk meselesindäki çuňňur ideologiki ynançlary" bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Bahiriň sözüne görä, "Talybanyň" iň görnükli liderleri Pakistanyň medreselerinde okan adamlar, şeýlelikde, olar oba we tire-taýpa gatnaşyklaryndan arasy üzülenler.

«Olar deobandi mekdebiniň pikirleri esasynda, ideologiki taýdan özgerdilipdir, şonuň üçin olar indi owgan ilatyna yslamyň iň berk görnüşini girizýärler» diýip, ol aýdýar.

Şeýle-de, ol gyzlaryň mekdeplerine girizilen gadagançylygyň Ahundzadeniň bilkastlaýyn alyp barýan syýasatydygyny aýdýar. Onuň sözüne görä, Ahundzade "Talybanyň" baş kazysy Abdul Hakim Hakgany tarapyndan, arap dilinde ýazylan "Yslam Emirligi we onuň sistemasy" atly kitabyny makullaýar. Şol kitapda Hakgany Muhammet pygamberiň aýallaryndan birisi Saud bint Zamyny aýratyn saýlap, onuň garaýşyny ileri goýýar. Saud bint Zamy ölýänçä öýünde oturmagy ýüregine düwüpdi.

Hakgany jemgyýetiň köp ugurlarynda işjeň orun alan beýleki aýallary we beýleki ýoldaşlaryny, olaryň erkek adamlaryň okuwçylary we mugallymy bolandygyny hasaba almak islemeýär diýip, Bahir aýdýar.

«Bu marginal garaýyşa "Talybanyň" ähli ýolbaşçylary eýerip barmaýar, hatda muňa häzirki doly hökmürowan, ýagny "Talybanyň" emiri hem şeýle ýaly görünýär" diýip, ol aýdýar.

Buttyň aýtmagyna görä, hatda Hakgany hem aýallaryň etmeli bir işi bar bolsa, onda aýallar ony hökman bilmeli diýen prinsipi makul bilýär.

«Ýakyn geljekde häkimiýetdäki "Talyban" bilimiň owgan aýallaryny has gowy musulman aýallary etjekdigine düşüner diýip umyt edýärin. Munuň özi olara ýurdunyň abadançylygyna has uly goşant goşmaga mümkinçilik berer» diýip, ol umyt edýär.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tom West owgan aýallary hem bilim almaly we öz ýurdunyň ýene-de aýak üstüne galmagyna kömek etmek üçin, ykdysadyýete goşant goşmaly diýip, ýaňy-ýakynda Twitterde ýazdy.

«Eger syýasata üýtgeşme girizmeli bolsa, onda ol daşary ýurtlaryň gadaganlygynyň netijesinde däl-de, ony owganlylaryň sorandyklary üçin bolar» diýip, ol ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Тувинской рок-группы «Хартыга» выступит в Хакасии

«Financial Times», Великобритания: Поездка Путина в Китай покажет, что американские угрозы — лишь самообольщение

«Замечаний немало»: Дмитрий Анисимов проверил парковки у ТЦ в трёх районах Кемерова

«Марионеточная инстанция»: Небензя выступил против присутствия МУС в Совбезе ООН

Музыкальные новости

Валюта вышла из моды // Снижение волатильности и санкции сдерживают спрос

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Россия и Культура, Дети: в Пушкинский день театр кукол «Ульгэр» выступил в Мухоршибирском районе Бурятии

Новости России

Самолет Трампа столкнулся с другим лайнером в аэропорту во Флориде

«Financial Times», Великобритания: Поездка Путина в Китай покажет, что американские угрозы — лишь самообольщение

Названы популярные у россиян направления для путешествий

Электромашины в Ульяновске: летом – дешевле

Экология в России и мире

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

10 полезных продуктов для сердца

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Осень в Хибинах...







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *