Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mary: Bedenterbiýe mugallymlaryndan 'üç arka' maglumatlary talap edilýär

Mary: Bedenterbiýe mugallymlaryndan 'üç arka' maglumatlary talap edilýär

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Mary welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bedenterbiýe mugallymlaryndan “üç arka” maglumatlary talap edilýär.

Türkmenistanda, hususan-da döwlet edara-kärhanalarynyň adam resurslary bilen üpjünçilik ulgamlarynda işgärlerden “üç arka” maglumatlaryny talap etmek tejribesi uzak ýyllardan bäri saklanyp galýar.

“Üç arka” resminamasy raýatyň üç arkasynyň, ýagny kakasynyň, atasynyň we garry atasynyň hem-de ejesiniň, enesiniň we garry enesiniň, ýa-da eje tarapyndan üç nesliň wekilleriniň kazyýet jogapkärçiligine çekilip-çekilmändikleri barada maglumatlary özünde jemleýär.

“Bedenterbiýe mugallymlaryndan “üç arka” kepilnamalary talap edilýär. Kepilnamalar mekdep müdirlerine tabşrylmaly. Mekdep müdirleri bu maglumatlary hukuk goraýjy edaralara tabşyrýar” diýip, ýagdaýdan habarly bir bilim işgäri aýdýar.

Degişli resminamalaryň näme sebäpden talap edilýändigi, ýa-da näme üçin diňe bedenterbiýe mugallymlaryndan soralýandygy aýdylmaýar. Mälim bolşy ýaly, üç arka kepilnamasy aýratyn-da döwlet iş üpjünçilik ulgamynda we howpsuzlyk pudagynda ýyllarboýy talap edilýär.

Habarçymyzyň bedenterbiýe mugallymlary bilen geçiren aýry-aýry gürrüňdeşliklerine görä, maglumatnama talaplary ýaňy-ýakynda Bedenterbiýe we sport komitetiniň başlygynyň täzelenmegi bilen ilteşdirilýär.

Ýatlasak, geçen aý türkmen hökümetinde geçirilen iri kadr çalşygynyň arasynda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport komitetiniň başlygy täzelenipdi. Ýöne mugallymlar, şol sanda bedenterbiýe mugallymlary Bilim ministrliginiň tabynlygynda bolup, ýurduň umumybilim berýän ähli orta mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklary geçilýär.

Raýatlardan üç arka kepilnamasynyň talap edilmegi, şol bir wagtda, kimdir biriniň dogan-garyndaşlarynyň ýa-da ýakyn hossarlarynyň kazyýet jogapkärçiligine çekilip-çekilmändigi bilen bagly ýagdaýlaryň onuň iş-hünär mümkinçiliklerine täsir etmegi maryly bedenterbiýe işgärlerinde nägilelik döredýär.

“Şeýle talap nämä gerek!?” diýip, bir bedenterbiýe mugallymy aýdýar.

Ol kazyýet jogapkärçiligine çekilen ýakyn garyndaşlary zerarly, öz mümkinçilikleriniň ýa-da çagalarynyň mümkinçilikleriniň çäklendirilmegini adalatsyzlyk hasaplaýandygyny gürrüň berdi.

“Biziň ýurdumyzda sähel bir zat etseň, kazyýet jogapkärçiligine çekip, türme tussaglygyna höküm edip bilýärler... Bu bolsa, geljekde diňe bize däl, eýsem çagalarymyzyň durmuşyna hem böwet bolup bilýär” diýip, bedenterbiýe mugallymy aýdýar.

Türkmenistanda raýatyň “üç arka” kagyzynda kazyýet jogapkärçiligine çekilen ýakyn garyndaşyň hasaba alynmagy onuň, hususan-da, harby we hukuk goraýjy edaralarda işlemegini, möhüm wezipelere eýe bolmak mümkinçiliklerini ymykly çäklendirip bilýär.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ýüzlerçe müň adam türmelerden geçirildi, ýüzlerçe müň adama garşy iş kesilip, azatlykdan mahrum edildi. Şol bir wagtda onlarça müň adam günä geçişler bilen jeza çärelerinden boşadyldy.

Halkara hasabatlara görä, Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle ýagdaýda, türmelerden geçirilen ýüzlerçe müň adamyň her biri kimdir biriniň kakasy, kimdir biriniň ýakyn hossary, enesi, atasy ýa-da ogul-gyzy bolup bilýär. Raýatyň kazyýet jogapkärçiligine çekilmegi diňe onuň öz durmuşyna däl, eýsem, ýakyn hossarlarynyň durmuş we iş mümkinçiliklerini çäklendirýär.

“Ertirki gün meniň çagam [ýakyn hossaryň kazyýet jogapkärçiligine çekilmegi bilen baglylykda] hukuk goraýjy edaralarda ýa-da ýokary wezipelerde işläp bilmejek bolsa, onda men näme üçin, meselem, oglumy harby gulluga goýbereýin!?” diýip, bedenterbiýe mugallymy aýdýar.

Ol nobatdaky “üç arka” barlag tolkunlarynda ençeme bedenterbiýe mugallymlarynyň işlerini ýitirip biljekdiklerini çaklaýar.

“Meniň pikirimçe, meniň üç arkam meniň hojalygyma goşulyp bilmeli däl. Şonuň üçin, üç arka diýilýän zady ýatyrmaly” diýip, mugallym aýdýar we maşgalada kimdir biriniň kazyýet jogapkärçiligine çekilmeginiň onuň durmuş mümkinçiliklerini çäklendirmeli däldigini nygtaýar.

Ol bu ýagdaýyň jemgyýetde iş kesilen adamlara we olaryň dogan-garyndaşlaryna, hatda dost-ýarlaryna müýnli garalmagyna getirýändigini aýdýar.

Habarçymyzyň söhbetdeşleri hukuk goraýjy edaralarda işlän ýa-da işleýän adamlaryň nesilleriniň köplenç jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýändiklerini, olaryň “güýçli tanyşlarynyň” bardygyny gürrüň berýärler.

“Taýak gelip biz ýalylara degýär” diýip, bedenterbiýe mugallymy aýdýar. “Iň dogrusy, bu ýurtdan gitmeli, daşary ýurtlardan iş tapmaly. Puluň bolsa, çagalary hem daşary ýurtlarda okatmaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

“Biziň üç arkamyz däl hatda on arkamyz hem arassa, päk, jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik hem bolsa, bize wezipe ýetmez... Näme üçin bu ýurtda adamlar 7 ýaşlysyndan 70 ýaşlysyna çenli ‘ýurtdan gidip bolsa, gitmeli’ diýip, gürrüň edýärler? Sebäbi, adamlar ‘bolanok’, ‘gadagan’, ‘para ber’, ‘tanyş gör’ ýaly endiklerden halys ýadadylar, doýdular” diýip, beýleki bir bedenterbiýe mugallymy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Häkimiýetler soňky aýlarda diňe bir bedenterbiýe mugallymlaryndan däl, eýsem, halkara ýaryşlara gatnaşýan türgenlerden, biometriki pasportlara ýüz tutýan adamlardan, hatda şu ýyl “Awaza” syýahatçylyk zolagyna dynç almaga baran käbir adamlardan, hem-de haj zyýaratyna iberilen adamlardan hem “üç arka” maglumatlaryny talap etdiler. Şeýlelikde, ‘üç arka’ maglumatnamasy Türkmenistan döwletiniň öz raýatlary babatynda iň möhüm howpsuzlyk kriteriýalarynyň biri ýaly bolup görünýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

"Зенит" обыграл ЦСКА и вышел в финал Кубка России

В Россию завезли китайский код // Платформа Gitee локализовалась в Москве

Синоптики спрогнозировали в Москве до +20 градусов и небольшой дождь 16 мая

В Ярославле на Волге столкнулись речной трамвай и теплоход

Музыкальные новости

Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Эвелина Блёданс: Солнечная сказка для солнечных детей

Новости России

В лесах Дубны и Талдома раскладывают вакцину от бешенства для плотоядных

Жена Петросяна Брухунова рассказала, что едва не попала в ДТП в Москве

С севера – на берег: премьера бара Padron

Оздоровительные лагеря готовятся встретить мытищинских школьников

Экология в России и мире

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Спорт в России и мире

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Краски севера V

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *