Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Okuw ýylynyň öňüsyrasynda plastmassa gaplary toplaýan çagalar göz-görtele köpeldi

Okuw ýylynyň öňüsyrasynda plastmassa gaplary toplaýan çagalar göz-görtele köpeldi

Soňky günlerde Aşgabatda plastmassa gaplary toplaýan çagalaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Bu ýagdaý, täze okuw ýylynyň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galan we gaýtadan işlenip bilinýän plastmassa serişdeleriň bahasynyň ýokarlanan döwrüne gabat geldi.

“Türkmenistanda garyplyk barha ýiti duýulýar. 6-7 ýaşly çagalar boş plastik gaplaryň gözleginde gije-gündiz köçelerde aýlanýarlar. Olar esasan hapa zyňylýan zibil çelekleriniň içinden we onuň golaýyndan plastik gaplary ýygnaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.

Çagalary “döner” taýýarlaýan nokatlaryň, restoranlaryň, kafeleriň we garbanyşhanalaryň golaýynda hem köp görse bolýar. Sebäbi bu ýerlerden azyk satyn alan raýatlar onuň ýany bilen plastmassa gaplardaky suwy ýa-da beýleki şireli suwlary hem alýarlar.

“Raýatlar ýa-da restoran işgärleri boşan plastik gaplary golaýdaky zibil çeleklerine oklaýarlar. Çagalar hem olary ýygnaýarlar. Çagalar toý mekanlarynyň golaýynda hem köp aýlanýarlar. Sebäbi dabaradan soň, toý mekanyň işgärleri plastik gaplary zibil çeleklerine oklaýarlar” diýip, habarçy belledi.

Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli gyzýan şu günlerde agşamara salkynlamak üçin seýilgählere barýan paýtagtlylaryň artmagynyň fonunda, plastik gaplary ýygnaýan çagalary bu ýerlerde hem köp görse bolýar.

“Ýaşaýjylar salkynlamak üçin ýanlary bilen plastik gaplardaky suwlary, şireli suwlary eltýärler we olaryň boşan gaplaryny zibil çeleklerine oklaýarlar. Çaglar bu çeleklerdäki gaplary ýygnaýarlar. Käte olaryň özleri seýilgählerdäki ýaşaýjylardan boşan gaplary soraýarlar. Käbir ýaşaýjylaryň olara rehimi gelip, olara pul berýärler” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Çagalaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar pul gazanmak üçin, şol sanda okuw esbaplaryny satyn almak üçin plastik serişdeleri ýygnaýarlar. Olar bulary plastik serişdeleri satyn alýan hususy nokatlara tabşyrýarlar.

“Olar biz bilen nagt hasaplaşýarlar. Bu nokatlar köplenç howly jaýlarynda ýerleşýär. Plastik serişdeleri satyn alýan resmi nokat ýok” diýip, çagalaryň biri aýtdy.

Geçen aýyň ortalaryndan bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ene-atalaryň köpüsinde çagalaryny mekdebe taýýarlamak üçin maddy serişdeleriň ýokdugyny habar berip gelýärler. Çagalaryň özleri zerur okuw esbaplaryny satyn almak üçin gazanç etmäge, dürli işlerde işlemäge, plastik gaplary ýygnamaga ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýarlar. Awgustyň başynda Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky habarçylarymyz okuw ýylyň golaýlamagy bilen dilegçilik edýän çagalaryň sanynyň has-da köpelendigini synlasa bolýandygyny habar beripdiler.

Habarçylarymyz plastik gaplary ýygnaýan çagalaryň köpelmegine täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen bir hatarda, gaýtadan işlenip bilinýän plastmassa serişdeleriň bahasynyň ýokarlanmagynyň hem sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Mundan bir-iki ýyl ozal plastmassa serişdeleriň bir kilogramy 5-7 manatdan satylýardy. Soňra 20-50 teňňä çenli aşaklady. Şol döwür köçelerde plastmassa gaplaryň hapasy hem köp üýşýärdi. Sebäbi olaryň bahasy aşa arzandy. Häzir onuň bahasy ýene 1 manada ýokarlandy” diýip, paýtagtdaky başga bir habarçymyz aýtdy.

Çagalar plastik gaplary ýygnamagyň hem o diýen aňsat däldigini, dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri olary özlerine bäsdeş hasaplap, çagalary zibil çelekleriniň golaýyndan kowýarlar. Sebäbi jemagat işgärleriniň özleri plastik gaplary ýygnap, ýörite nokatlara satýarlar.

Galyberse-de, çagalar ýygnan plastik gaplary bilen birlikde jemgyýetçilik transport serişdelerine hem münüp bilmeýärler. Sürüjiler plastik serişdeleriň dürli ýerlerden, şol sanda jemgyýetçilik hajathanalarynyň, hassahanalaryň golaýyndan hem ýygnalýandygyny aýdyp, olaryň dürli keselçiliklerini ýaýradyp biljekdigini aýdýarlar.

“Ençeme kilometr ýoly pyýada geçip, ýygnan plastik serişdelerimizi tabşyrjak ýerlerimize alyp gitmeli bolýarys” diýip, paýtagtly çaga aýtdy.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik, munuň bilen bir wagtda harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, ýurtda el serýän, zibil dörýän, ogurlyk we talaňçylyk edýän raýatlaryň, şol sanda çagalaryň köpelmegine getirdi.

Häkimiýetler “çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” häsiýetlendirip, olaryň “bagtyýar zamanada ýaşaýandygyny” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Ýöne olar ykdysady kynçylyklary we onuň çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

До 30 мая колымчане могут успеть принять участие во Всероссийской акции «Семь добрых слов»

Markiza: угроза жизни Фицо все еще сохраняется после покушения

Более 12 000 бесплатных посылок отправили новосибирцы в зону проведения СВО

В Москве открылся Всероссийский форум «Здоровье нации – основа процветания России»

Музыкальные новости

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

В Москве открылся Всероссийский форум «Здоровье нации – основа процветания России»

Более 12 000 бесплатных посылок отправили новосибирцы в зону проведения СВО

Насморк у мужчины оказался жидкостью, вытекающей из мозга

До 30 мая колымчане могут успеть принять участие во Всероссийской акции «Семь добрых слов»

Экология в России и мире

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *