ÝDÖB Türkmenistanda 22 taslama maliýe goldawyny berýär
Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) häzir Türkmenistanda umumy bahasy 28 million ýewro barabar bolan 22 sany aktiw portfel taslamasy bar diýip, “News Central Asia” (nCa) neşiri habar berýär.
Senagat, agrobiznes we söwda häzirki portfeliň 95%-ni ýa-da 27 million ýewrolyk serişdesini öz içine alýar, maliýe guramalarynyň paýy bolsa 5%-den ybarat diýip habarda bellenýär.
2023-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky ýagdaýa görä, ÝDÖB Türkmenistanda 87 taslama maýa goýdy. Bankyň Türkmenistanda ýatyran umumy maýa goýumy 325 million ýewro barabar.
Maliýeleşdirmegiň 100% hususy sektora gönükdirilmegi bilen, ÝDÖB Türkmenistana 312 million ýewro möçberindäki serişdäni goýberdi.
ÝDÖB-nyň Türkmenistandaky portfeliniň amal serişdeleri 26 million ýewro barabar.