Daşkent bilen Budapeştiň arasynda göni uçar gatnawy açyldy
20-nji awgustda Daşkent bilen Budapeştiň arasynda göni uçar gatnawy açyldy.
Bu ylalaşyk Özbegistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna gelen döwletara şertnamalarynyň esasynda gazanyldy.
Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Siýarto 18-nji awgustda Budapeştde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, Daşkentden ugran ilkinji uçaryň 20-nji awgustda Budapeştde gonjakdygyny, sentýabr aýynyň ortalaryndan bolsa Daşkent bilen Budapeştiň arasyndaky göni uçar gatnawlarynyň hepdede iki gezek amala aşyryljakdygyny aýtdy.
Ministriň sözlerine görä, täze ýyldan bu uçuşlaryň sany hepdede üçe ýetiriler.
Siýarto Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada gürrüň edip, Türkmenistan bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda Budapeştde Türkmenistanyň we Aşgabatda Wengriýanyň ilçihanalaryny açmakçy bolýandyklaryny aýtdy.