Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Býujetçiler, esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär

Býujetçiler, esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär

Türkmenistanda býujetçiler, şol sanda bilim we saglyk işgärleri ýakynda başlanan pagta ýygymyna köpçülikleýin we ýatymlaýyn çekilýärler. Habarçylarymyz meýdanlarda ýetişen gowaçanyň azdygyny aýdýarlar.

“20-nji awgustda Lebap welaýatynyň döwlet işgärleriniň tas ählisi pagta ýygymyna çekildi. Olaryň arasynda mugallymlar, lukmanlar, şeýle-de muzeý, kitaphana, wokzal, aeroport işgärleri hem bardy. 40 graduslyk yssyda hepdäniň dowamyndaky ýekeje dynç günümizi meýdanda geçirdik. Häkimligiň işgärleri aýlanyp, kimiň gelip-gelmändigini barlaýardylar we ýygyma gözegçilik edýärdiler” diýip, türkmenabatly energetika hünärmeni 21-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

40 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz gowaça meýdanlarynda ýekeje-de kombaýny görmändigini, pagtany diňe elleri bilen ýygmak talap edilendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mundan beýläk iş günleriniň dowamynda pagta ýygymyna döwlet edaralarynyň işgärleriniň 50%-iniň, ýekşenbe güni bolsa ählisiniň çekiljekdigi duýdurylypdyr.

“Bu talapdan boýun gaçyrjak gümänaň ýok. Bu mejburlyga diňe dil üsti bilen garşy çyksaňam, işde galdyrmaýarlar. Käbirler 40-50 manada öz ýerine günlükçi tutýarlar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Ol býujetçileriň pagta ýatymlaýyn hem ugradylýandygyny, emma paranyň öwezine, ýolbaşçylar bilen ylalaşyp bolýandygyny sözüne goşdy.

“Her edaradan 10 adamy golaýdaky etraplaryň pagta meýdanlaryna 10 günlük ýatymlyk iberýärler. Ýöne ýolbaşçyňa 400-500 manat aralygynda pul berseň, özi seniň ornuňa başga adam tapyp iberýär. Bu döwür işe gelmeseňem bolýar” diýip, söhbetedeşimiz nygtady.

Dynç günleriniň dowamynda Mary welaýatynda hem býujetçiler mejbury pagta ýygymyna çekildi. Emma Lebapdan tapawutlylykda günorta welaýatdaky bu işler has çäkli häsiýetde geçirildi.

“Meýdanlarda ýetişen gowaça gaty az, şondan hem adamlary ýygyma çekjek bolup kän azara galmaýarlar. Marynyň her edarasyndan [pagta ýygymyna] 20 adamy ibermek talap edildi. Işgärleriň ählisi diýen ýaly 40 manada öz ýerine günlükçi tutdular. Emma olaram uzakly güni boş oturyp geçirýärler. Meýdanlaryň käbirini pagtanyň boýundan uly haşal otlap basypdyr” diýip, işsizlik sebäpli býujetçileriň ornuna pagta ýygyp berýän ýaşaýajylaryň biri belledi.

Balkan welaýatynda hem pagta ýygym işleri mejbury zähmet bilen utgaşýar. Sebitdäki habarçymyz döwlet işgärleriniň köpüsinde özüniň ornuna günlükçini tutmaga ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar.

“Mugallymlar, lukmanlar özleriniň doly bir iş gününiň dowamynda 50 manat pul gazanmaýandygyny aýdýarlar, we alaçsyz pagta gidýärler. Býujetçilerden başga, esgerleri hem ýatymlyk getirip başladylar. Bazar güni (20-nji awgust – red.) Gyzylarbada ýagyş gelse-de, adamlara batgalykda pagta toplatdylar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren 60 ýaşlaryndaky bilim işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Ýurtda pagta ýygymy möwsümi dekabryň ortalaryna çenli dowam edýär. Bu döwürde häkimiýetler býujet işgärlerini, esgerleri we käte mekdep okuwçylaryny köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edýärler.

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Türkmen häkimiýetleri bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ШОС и БРИКС — опоры многополярного миропорядка, отметил Путин

В ЖК «Малая Истра» завершается выдача ключей дольщикам

В ближайшие 2 года в Калмыкии планируется построить как минимум 3 поисково-оценочных и разведочных скважин на нефть и газ

В Подольске приступили к строительству склада для спецтехники

Музыкальные новости

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Новости России

Ядерную медицину из цветов покажут ульяновцы на выставке «Россия» в Москве

Детский сад построят в ЖК «Лесобережный» в Красногорске

Участок ЦКАД в районе Истры в Подмосковье перекрыт из-за ДТП

Подмосковные ветеринары спасли попавшую под машину собаку

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Пермский край, Суксунский район

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Спорт в России и мире

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Moscow.media

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Сервер российского вендора DатаРу прошел сертификацию и показал рекордную производительность при работе с SAP HANA

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *