Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan Türkiýeden müňden gowrak raýatyny getirip, olarda jynsy ýollar bilen geçýän keselleriň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýar

Türkmenistan şu aýyň başyndan bäri Türkiýeden deport edilen raýatlarynyň bir müňden gowragyny ýurda getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly çeşmesi Stambuldan maglumat berdi. Bu aralykda, garaşsyz neşir türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden gelen raýatlaryň jynsy ýollar bilen geçýän ýokanç kesellere ýolugyp-ýolugmandygyny barlaýandygyny habar berýär.

“Stambuldan Aşgabada tas her gün uçar uçýar. Häzire çenli bularda bir müňden gowrak bikanun türkmen migranty Türkmenistana alnyp gidildi” diýip, ygtybarly çeşmämiz 23-nji awgustda aýtdy.

2-nji awgustda Aşgabadyň Halkara aeroportundaky çeşmämiz Türkmenistanyň Türkiýeden deport bolan bir müňe golaý raýatyny yzyna getirýändigini aýdypdy. Munuň yz ýany, häkimiýetleriň Türkiýeden türkmen raýatlaryny getirip başlandygyny, “Türkmen Helsinki fondy” habar berdi.

Bu wakalar, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýän döwrüne gabat geldi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden deport edilen raýatlarynyň jynsy ýollar bilen geçýän ýokanç kesellere ýolugyp-ýolugmandygyny barlaýandygyny habar berýär.

“Adamlar Aşgabatdan Lebap welaýatynyň Farap sebitinde ýerleşýän karantin lagerine äkidilýärler. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, häkimiýetler Türkiýedäki migrantlaryň düzgünsiz jynsy gatnaşykda bolýandygyna ynanýarlar we ýurtda jynsy ýollar arkaly geçýän keselleriň ýaýramagyndan gorkýarlar, şonuň üçin migrantlardan jynsy ýollar bilen geçýän kesellere ýolugyp-ýolugmandygyny barlamak üçin analiz alýarlar. 31 adamda bu keselleriň bardygy anyklandy we olar Türkmenabatdaky dispanserde karantine alyndy. Näsaglar bu ýerde 26 gün bejergi alarlar. Saglyk çykdajylaryny näsaglaryň özleri töleýärler” diýip, neşir 22-nji awgustda aýtdy.

Maglumatda dispanserden faraply bir adamyň, türkmenabatly we dänewli iki zenanyň gaçandygy hem bellenilýär. Olar polisiýa tarapyndan gözlenilýär.

“Dispanserden boşadylýan raýatlardan alty aý ýa-da bir ýyl jynsy gatnaşyk etmejekdigi barada dilhaty alynýar. Gadagançylygy bozup, adamysyna ýa-da aýalyna ýokanç keseli ýokuşduran raýata jenaýat jogapkärçiligine çekilmek howpy abanýar. Olar ýaşaýan ýerlerinde hasaba alynmaly we aýda bir gezek zerur analizleri hem tabşyrmaly” diýip, neşir ýazýar.

2-nji awgustda dürli pudaklardaky çeşmelerimiz Türkiýeden deport bolan raýatlaryň jynsy ýollar bilen geçýän kesellere, şol sanda SPID-e (AIDS-e) ýolugyp-ýolugmandygynyň barlanjakdygyny habar beripdiler.

Türk häkimiýetleriniň tomus aýynyň başyndan bäri geçirýän reýdlerinde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we ýurtdan deport edildi. Saklananlaryň we deport edilenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hem bardygy habar berildi.

22-nji awgustda türk içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa soňky bir aýyň dowamynda 21 müň sany bikanun migrantyň saklanandygyny we olaryň öz ýurtlaryna deport edilendigini aýtdy.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 17-nji awgustda täzelenen sanlaryna görä, 204 müň 964 türkmen raýaty kanuny esasda bu ýurtda ýaşaýar. Hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Футболист Никоноров призвал главу Минспорта Дегтярева развивать массовый спорт

Сенатор Святенко: поддержка фермеров играет важную роль в устойчивости экономики

Новые тарифы. Как изменится цена в транспорте Москвы с 20 мая

Самая мощная вспышка в текущем цикле активности произошла на Солнце

Музыкальные новости

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Новости России

Центр «Фобос»: Еще одна волна холода в Москве ожидается на следующей неделе

Футболист Никоноров призвал главу Минспорта Дегтярева развивать массовый спорт

Самая мощная вспышка в текущем цикле активности произошла на Солнце

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о грантовых конкурсах Росмолодежи

Экология в России и мире

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Большинство российских туристов к 2030 году пересядут на этот вид транспорта

Спорт в России и мире

Хачанов вышел в третий круг турнира ATP в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Новак Джокович с позором вылетел с турнира в Риме

Moscow.media

В подмосковном Красногорске открыли движение на подъезде к строящейся детской больнице

В Подмосковье росгвардейцы почтили память Героев Великой Отечественной войны и возложили цветы к мемориальным комплексам региона.

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Утро на озере...







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *