Ýolundan saklanan zyýaratçy ahyry Saud Arabystanyna uçdy
Ýakutjan Babajanowa düýn Dubaýyň (Birleşen Arap Emirlikleri) üsti bilen Saud Arabystanyna zyýarata uçdy diýip, Türkmen Helsinki gaznasy zyýaratçynyň Türkiýede ýaşaýan gyzy Hamida salgylanyp habar berýär.
Mundan öň Ý.Babajanowanyň türkmen häkimiýetleriniň döreden emeli päsgelçilikleri esasynda ýolundan saklanandygy habar berlipdi.
Soňra, hukuk goraýjylar we garaşsyz neşirler goşulandan soň, halkara guramalaryna arz eden 73 ýaşly enäniň ýurtdan çykmagyna rugsat berlendigi mälim boldy.
Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň biri bolan Hamida Babajanowa Azatlyk radiosyna ejesiniň ýolunyň özünden ar almak üçin baglanandygyna ynanýandygyny aýdypdy.