Gyrgyz ýazyjysy Oljobaý Şakir tussag edildi
Tanymal gyrgyz oppozisiýa ýazyjysy we žurnalist Oljobaý Şakir 23-nji awgustda Milli howpsuzlyk komitetine çagyrylyp, sekiz sagada golaý sorag edileninden soň, "köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramak" we "häkimiýeti ele geçirmek synanyşygy" aýyplamalary esasynda 48 sagatlyk tussag edildi.
Derňewçi Temirow Live žurnalist topary bilen hyzmatdaşlyk eden 52 ýaşly ýazyjy hökümeti tankytlady we Gyrgyzystanyň Yssykköldäki kurortlarynyň dört sanysynyň Özbegistana geçirilmegine garşy çykdy. Resmiler ýazyjynyň tussag edilmeginiň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermediler.