Türkmen ilçisi Brýusselde ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde Ýewropanyň Energetika Barlag Bileleşiginiň (EERA) baş sekretary Adel El Gammal bilen duşuşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” ilçihana maglumatyna salgylanyp habar berýär.
Duşuşykda, pes uglerodly tehnologiýalary taýýarlamak nukdaý nazaryndan, Ýewropa Energetika Barlag Bileleşigi (EERA) bilen Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň arasynda bolup biljek hyzmatdaşlyk barada maslahat edildi.
Pariž ylalaşygy bilen baglanyşykly global tendensiýany we uglerod zyňyndylaryny azaltmagyň zerurlygyny göz öňünde tutup, taraplar howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatlara ýetmegiň çägindäki hyzmatdaşlyk strategiýalary barada hem pikir alyşdylar.
Habarda bu bileleşigiň (EERA), energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we barlaglary utgaşdyrmak maksady bilen, 2008-nji ýylda döredilendigi we onuň Ýewropanyň 30 ýurdundan bolan 250-den gowrak barlag guramasyny özüne birleşdirýändigi bellenýär.
Türkmenistan howa zyýanly gazlary köp syzdyrmakda tankyt edilýär.