Aşgabatda türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dördünji gün Aşgabatda Palestina döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.
Riýad al-Maliki G.Berdimuhamedowa prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.
"Biznes Türkmenistan" neşiriniň ýazmagyna görä, duşuşykda iki ýurduň işewürleriniň hem-de telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda depginli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.