Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Wagtynda bolmadyk hyzmatdaş çalşygy. Hytaýyň we Russiýanyň ykdysadyýetine näme howp salýar

Wagtynda bolmadyk hyzmatdaş çalşygy. Hytaýyň we Russiýanyň ykdysadyýetine näme howp salýar

Hytaýyň soňky dört onýyllyklar dowamyndaky ösüşi tamamlanýar. Garyp, kämilleşmedik ýurdy ykdysady taýdan aşa kuwwatly güýje öwren model öz mümkinçiligini tükedýär. Şeýle netijäni The Wall Street Journal gazetiniň synçylary Lingling Wei we Stella Iffan Si okyjylar bilen paýlaşýar.

Hytaýdaky uzak wagtlap dowam eden ösüş zawodlary hem asman jaýlaryny gurmaga, infrastruktura üçin maýa goýumlaryny ýatyrmaga mümkinçilik döretdi. Gurluşyk pudagy zähmet, maddy we maliýe serişdelerine ýokary isleg döretdi, bu bolsa ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini goldady. Emma tebigy şertler sebäpli bu model öz güýjüni soňlady: hytaýlylar eýýäm gerekli zatlaryň ählisini, artygy bilen gurdular. Netijede, ýurtda satylmadyk millionlarça kwartiralar, hiç kim geçmeýän köprüler, gatnalmaýan ýollar, hiç kimiň hiç ýere uçmaýan aeroportlary peýda boldy.

Hytaýyň ykdysadyýeti, hakykatdan-da, iň gowy döwürlerinden daşlaşyp barýar. Ýylyň ikinji kwartalynyň statistikasy garaşylmadyk has pes netijeleri görkezdi. Ösüş depgini geçen kwartalda 0,8%-e çenli peseldi. Iýulyň netijeleri has hem ýaramaz sanlary görkezýär: ýurtda deflýasiýanyň ýyllyk derejesi hasaba alyndy. Häzirki rus hakykatyna seredeniňde, bu beýle bir erbet hem däl ýaly görünýär.

Şeýlelikde, The Financial Times neşiriniň çeşmelerine salgylanylsa, Hytaýyň häkimiýetleri ýaramaz düşündirişlere we öňünden çaklamalara aç-açan gadagançylyk girizmekden gowy zady tapmandyrlar. Bu düzgün (hususan-da, Hytaý Halk Banky) hem-de ýerli telewideniýe tarapyndan işgärlere tanyşdyryldy. Bularyň arasynda ekonomistlere we analitiklere Hytaýda öndürilýän harytlaryň bahasynyň arzanlaýandygy we kapitalyň çykarylyşynyň peselmegi ýaly temalary ara alyp maslahatlaşmak maslahat berilmeýär. Şeýlelikde, hiç kim "deflýasiýa" sözüni ulanmaga çalyşmaýar. Oňa derek "çäklendirilen" ýa-da "pes" inflýasiýa sözleri ulanylýar.

Eger-de Hytaý ykdysady gudratynyň gözbaşyna biraz giň göz aýlanylsa, ony urbanizasiýa [oba ilatyny şäherleşdirmek] we industrilizasiýa diýen iki söz bilen beýan edip bolar. Geçen asyryň 80-nji ýyllaryna ägirt uly ilat sany bilen gelen ýurt, esasan, az girdejilikli oba hojalyk zähmeti bilen meşgullanyp, birden tehnologik böküşi gazandy. Onlarça ýyl bäri oba hojalygynyň mehanizasiýasy senagat pudagyna tükeniksiz ýaly bolup görünýän arzan zähmet güýjüni berdi.

Işgärleriniň sanynyň artmagy arkaly önümçiligiň birden ýokary galmagy Hytaýy arzan hem köp ulanylýan harytlaryň "dünýä fabrigine" öwürdi, gündelik ulanylýan arzan bahaly harytlar artyp başlady. Ýöne şol wagtda örän çalt iň häzirki zaman we ýokary tehnologiýaly harytlary öndürmegi-de öwrendi. Ýüzlerçe million oba ilatynyň şäherlere akdyrylmagy gurluşyklaryň düýpli ösüşini üpjün etdi diýip, The Wall Street Journal neşiriniň synçylary ýazýarlar.

Aslynda, urbanizasiýa we senagatlaşdyrmagyň ýoluny diňe bir gezek amala aşyryp bolýar. Hytaý hem şeýle etdi. Şonuň üçin şol modeliň öz güýjüni gutarýandygy barada gürrüň etmek örän ýerlikli. Bu ýagdaýyň on ýyldan gowrak öň hytaý kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylary ýurdy eksporta garaşlylykdan dyndyrmaga we içerki islegiň ösdürilmegine bil baglamaga çalyşýan wagtyndan bolup geçendigi hem bellidir.

Infrastruktura maýa goýumlarynyň ägirt uly stimullary we trillion milliardlarça dollarlyk inwestisiýa ösüşi ýene-de on ýylyň dowamynda uzaltmaga mümkinçilik berdi. Onuň bahasy ykdysadyýetde umumy bergileriň çalt köpelmegine getirdi. 2022-nji ýylyň başynda, ol bütewi içerki önümiň 300%-e ýetdi we şu görkeziji boýunça Hytaý ABŞ-dan ozup geçdi.

Aýratyn-da, infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin, yzygiderli pul karz almak Hytaýyň welaýatlarynda ýaramaz ýagdaýy ýüze çykdy. Merkezi häkimiýetler hem çäklendirme girizenden soň, munuň üçin ýörite döredilen kompaniýalaryň üsti bilen hereket edip başladylar. Halkara walýuta gaznasy şeýle "balansdan daşary" regional bergi 9 trillion dollara barabar diýip hasaplaýar.

Häzir dünýäniň ikinji ykdysadyýetiniň esasy gowşak baglanyşygy emläk bazary bolup durýar, indi birnäçe ýyldan bäri netijeli talap edilýän islegden, çykarýan tölegleri artyk gelýär. 60 trillion dollara barabar bazar howp astynda.

Geçen penşenbe güni ýurduň iň uly gurluşykçylarynyň biri – China Evergrande Group özüni bergä batmakdan goramak barada, Nýu-Ýorka ýüzlendi, ol bergisini täzeden dikeltmäge wagt almak üçin, 300 milliard dollar almakçy bolýar.

Hytaý "Country Garden Holdings" kompaniýasynyň alnynda hem şol möçberde defolt howpy abanyp dur. Maýa goýum meselelerini öwrenýän analitikleriniň käbiriniň aýtmagyna görä, ýagdaý gözegçilikden çykyp başlapdyr. Daşary ýurt maýa goýujylary hytaýlylaryň gymmat bahaly kagyzlaryndan çekilip başlapdyrlar.

Bu eýýäm ýuanyň hümmetiniň gowşamagyndan we hytaý aksiýa bazarynyň ýagdaýyndan hem göze ilýär. Ýeke-täk mesele krizisiň nähili çuň boljakdygy we hytaý ykdysadyýetiniň şondan soň ösüşini dowam edip biljekdigi hakda barýar. Köp analitikleriň pikirine görä, Hytaý Ýaponiýanyň gynançly tejribesini gaýtalap biler, olarda 90-njy ýyllarda ykdysadyýetiň durgunlygy bolupdy.

Bu habarlaryň ählisi Russiýa üçin örän ýaramaz, aýratyn hem esasy söwda, maliýe we syýasy hyzmatdaşlygy üýtgetmegiň häzirki zaman prosesi göz öňünde tutulanda. Öňki ýyllarda bolsa Russiýa öz goňşusynyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna çynlakaý garaşlydy: Hytaýyň gazy import etmegi global energiýa talabyny kesgitleýän esasy faktorlardan biridi.

Häzir Moskwanyň başga bir deňi-taýy bolmadyk söwda, maliýe we logistika hyzmatdaşy ýok. Bu daşary ýurt walýutasynyň esasy girdeji çeşmesidi, harytlaryň dürli görnüşleriniň – köp ulanylýan harytlaryndan we elektronikadan başlap, şol sanda harby önümçilikde ulanylýan harytlara çenli bazardy.

Eger-de Russiýanyň talaby bolmadyk bolsa, Hytaýyň ykdysady kynçylyklarynyň irräk başlanjakdygyny-da boýun almak gerek. Rus bazarynda dannawsyz diýen ýaly hyrydar tapan hytaý kompaniýalary öz ýagdaýyny biraz gowulandyrdylar. Emma muňa çendenaşa ýokary baha berip hem bolmaz. 2022-nji ýylyň netijelerine görä, Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 190 milliard dollara ýetdi. Hatda bu görkeziji şu ýyl hem rus häkimiýetleriniň wada berşi ýaly, 200 milliarddan geçse-de, hytaý gurluşyk kompaniýalarynyň bergilerinden bir ýarym esse az bolar. Galyberse-de, kompaniýalar muny karzlary üçin peýdalanyp bilmezler.

Eger Hytaýdaky krizis agyr tapgyra girse, maliýe betbagtçylygynyň bütin dünýä howp saljakdygy belli zat. Emma bil baglamaga başga daýanjy bolmadyk Russiýa üçin, bu beýleki ýurtlaryň köpüsine garanyňda has agyr bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Зачистки не будет: Хазин объяснил, как Путин обновит элиту

Более чем трети россиян нервная обстановка на работе мешает высыпаться

Шойгу

собачий лай групп вк достал дебилов всяких

Музыкальные новости

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Новости России

Москва и москвичи в марте 1984 года

Путин: Отношения России и Китая достигли наивысшего уровня в истории

Разгром «самураев» на Халхин-Голе заставил японских милитаристов уважать мощь нашей страны

Путин: 730 тысяч россиян в прошлом году побывали в Китае

Экология в России и мире

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Moscow.media

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы

Осень в Хибинах...

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *