Gabonyň harbylary häkimiýeti ele alandyklaryny aýdýarlar
Gabonyň ýokary derejeli harby işgärleriniň bir topary 30-njy awgustda, döwlet saýlaw guramasy prezident Ali Bongonyň üçünji möhlete prezident saýlanandygyny yglan edeninden soň, milli telewideniýede çykyş edip, häkimiýeti ele alandyklaryny yglan etdi.
Ofiserler telewideniýede eden çykyşlarynda özleriniň Merkezi Afrika döwletindäki howpsuzlyk we goranmak güýçleriniň ählisine wekilçilik edýändiklerini aýtdylar.
Olar saýlaw netijeleriniň ýatyrylandygyny, goşmaça habar berilýänçä ähli serhetleriň ýapylandygyny we döwlet edaralarynyň dargadylandygyny aýtdylar.
Eger-de ýol alsa, OPEK guramasyna agza bolup durýan ýurtdaky döwlet agdarylyşygy 2020-nji ýyldan bäri Günbatar we Merkezi Afrikada geçirilen sekizinji döwlet agdarylyşygy bolup biler.
Mali, Gwineýa, Burkina Faso, Çad we Niger döwletlerinde bolan döwlet agdarylyşyklary soňky ýyllarda demokratik ösüşe zyýan ýetirdi.