Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýaty saklanýar

Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň bikanun migrantlara garşy giň gerimli reýdleri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmeleri reýdlerde esasan erkek adamlaryň nyşana alynýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýatynyň saklanýandygyny habar berýärler.

“Metrobuslardan, awtobuslardan düşeniňde, türk polisiýasy dessine bir ýerden tapylýar we resminamalary barlaýar. Olar öýlere, zawodlara, fabriklere, hatda türkmenleriň toý dabaralaryny geçirýän ýerlerine aýlanyp, türkmenleriň dokumentlerini barlaýarlar” diýip, Stambuldaky çeşmämiz aýtdy.

Reýdlerde esasan erkek adamlar, oglanlar nyşana alynýar we türk polisiýasy köplenç aýal-gyzlary saklap, olaryň resminamalarynyň düzüw bolup-bolmandygyny barlamaýar.

“Häzir Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan azyndan 1 müň 500 türkmen raýatynyň takmynan 97%-i erkekler bolup, diňe 3%-i aýal-gyzlardyr. Tussag etmeler dowam edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz ýurduň deportasiýa merkezleriniň birindäki çeşmesine salgylanyp aýtdy.

Azatlyga bu maglumaty türk migrasiýa edarasyna tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada redaksiýamyzyň edaranyň Stambulyň Siliwri we Tuzal sebitlerindäki deportasiýa merkezleri bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije tapmady.

Çeşmelerimiz Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen raýatlarynyň aglabasynyň Türkmenistana gitmejekdigi barada arza ýazýandygyny hem habar berýär.

“Türk hökümeti arza ýazanlaryň aglabasyny Türkmenistana deport etmeýär ekeni. Olar bir ýyl töweregi tussaglykda saklanyp, soňra Türkiýede galmak üçin boşadylýar ekeni. Şol sebäpli köp türkmen raýaty Türkmenistana gitmejek bolup, yzly-yzyna arza ýazýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Türk häkimiýetleri, Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täzeden prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Bu waka, Erdoganyň öz saýlaw kampaniýasynyň dowamynda “tertipsiz, bikanun migrasiýany nol derejä çenli azaltmagy” wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şonda Erdogan munuň üçin "çeşmesinden immigrasiýanyň öňüni almak" syýasatynyň durmuşa geçiriljekdigini aýdypdy. Bellesek, soňky ýyllarda Türkiýede zähmet, şol sanda bikanun migrantlaryň sanynyň we olar bilen ilteşikli jenaýatlaryň göz-görtele artmagy, türk halkynyň arasynda bu babatda nägilelikleri döredipdi.

Türk içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa 8-nji awgustda sosial mediada paýlaşan maglumatynda “soňky 60 günüň dowamynda 35 müň 867 bikanun migrantyň tussag edilendigini, olardan 17 müň 258 sanysynyň deport edilendigini” mälim etdi.

Türk häkimiýetleri tussag we deport edilenleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne olaryň arasynda türkmenler hem bolup, Türkmenistan şu aýyň başynda Türkiýeden deport bolan müňden gowrak raýatyny ýurda getirdi.

Adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Azatlygyň bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije tapmaýar.

Ýöne 2-nji awgustda Azatlygyň ýurduň dürli pudagyndaky çeşmeleri Türkiýeden deport bolan türkmenler üçin karantin zolaglarynyň esaslandyrylýandygyny, medisina barlaglarynyň guramalaşdyrylýandygyny, galyberse-de getirilen raýatlary sorag etmek üçin MHM-niň işgärlerinden ýörite toparyň düzülýändigini aýdypdylar.

22-nji awgustda garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden deport edilen raýatlarynyň jynsy ýollar bilen geçýän ýokanç kesellere ýolugyp-ýolugmandygyny barlaýandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada tas asla mesele gozgamaýarlar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 24-nji awgustda täzelenen sanlaryna görä, 204 müň 161 türkmen raýaty kanuny esasda bu ýurtda ýaşaýar. Edaranyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrdaky sanlaryna görä, 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Bu sanlar, soňky bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň 26 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.

Hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň resmi görkezijilerden ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Пермские кинотеатры возобновили показы голливудских фильмов

Обладатель самого большого улова на «Рыбной неделе» в Москве получит 1 млн руб

Один из кандидатов в главы Евпатории вчера развлек комиссию

Кто временно возглавил регионы, где губернаторы ушли на повышение в Москву

Музыкальные новости

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Новости России

Собянин подписал постановление о создании новых управ районов в ТиНАО

Благодаря поддержке города московские производители увеличат объемы выпуска товаров

Пермские кинотеатры возобновили показы голливудских фильмов

Один из кандидатов в главы Евпатории вчера развлек комиссию

Экология в России и мире

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Пермский край, Суксунский район

Lamoda запустила бренд мужской одежды и обуви Mademan

Спорт в России и мире

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Moscow.media

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *