Gyrgyz häkimiýetleri çagalary TikTokdan 'goramagy' buýurýar
Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi ýurt çäginde TikTok wideo paýlaşmak programmasyny ýapmak barada görkezme berdi.
Hökümetiň söz azatlygyny we maglumat akymyny çäklendirmek üçin görýän çäreleri baradaky aladalaryň arasynda berlen görkezme jemgyýetçilik guramalarynyň TikTok sosial media platformasynyň çagalaryň akyl saglygyna ýetirýän täsiri baradaky ýüzlenmelerine esaslanýar.
Ministrlik 30-njy awgustda bu programmanyň çagalar üçin ulanyjy gözegçiliginiň ýokdugyny göz öňünde tutup, Sanly ösüş ministrligine kanuny durmuşa geçirmek tabşyrygyny berendigini aýtdy.
"TikTok-yň ulanyjylary gysga klipler arkaly wirtual äleme çekýändigini we bu klipleri görenin ýetginjekleriň soň bu kliplerde görkezilen käbir hereketlere öýkünmäge synanyşýandygyny, bu ýagdaýyň olaryň käbiriniň janyna howp salýandygyny bellemeli” diýip, Medeniýet ministrligi aýtdy.
Tik Tok bu çärä bada-bat jogap bermedi, ýöne ozal mazmuny aramlaşdyrmak we kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak üçin kepillikleriniň bardygyny aýtdy.
Gyrgyz hökümetiniň söz, metbugat azatlygy meselesinde gören käbir çärelerinden soň, sosial medianyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen maglumat almak elýeterliligi Gyrgyzystanda gyzgyn tema öwrüldi.
Hökümet tankytçylary häkimiýetleri söz azatlygyny bogmak synanyşygynda aýyplaýarlar.