ABŞ: Ekstremizm bilen ilteşikli gaçakçy özbeklere ABŞ serhedinden geçmäge kömek etdi
Baýden administrasiýasy Özbegistandan ABŞ-a bikanun adam geçirmäge synanyşýan bir toruň tapylandygyny we togtadylandygyny, bu ulgamyň azyndan bir agzasynyň daşary ýurt terrorçylyk topary bilen arabaglanyşygynyň bardygyny aýtdy.
Bu ýerde gürrüň Meksikadan Birleşen Ştatlara gaçak ýollar bilen geçirilýän adamlar barada barýar.
ABŞ resmileri kontrabanda ulgamyny ulanan özbek raýatlarynyň haýsydyr bir terrorçylyk baglanyşygynyň bardygyna ýa-da terrorçylyk hüjümini meýilleşdirýändigine ynanmaýarlar diýip, Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Adrienne Watsonyň beýanatynda aýdylýar.
Beýanatda daşary ýurtly terrorçylyk topary anyklaşdyrylmady, ýöne bir ABŞ resmisi "Associated Press" habar gullugyna munuň "Yslam döwleti" topary bolandygyny aýtdy.