Tokaýew gapma-garşylykly ýadro desgasy boýunça referendum geçirjekdigini aýdýar
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň daşky gurşawyna zyýan ýetirmegi baradaky aladalaryň arasynda, kölüň kenarynda gurulmakçy bolýan gapma-garşylykly ýadro desgasy, ýurduň ilkinji ýadro elektrik stansiýasy boýunça referendum geçiriljekdigini aýtdy.
"Ýadro elektrik stansiýasyny gurmak ýa-da gurmazlyk meselesi biziň ýurdumyzyň geljegi üçin gaty möhüm mesele. Şol sebäpden men bu mesele milli referendum arkaly çözülmeli diýip pikir edýärin. Onuň takyk senesini soň kesgitläris" diýip, Tokaýew 1-nji sentýabrda parlament agzalaryna ýüzlenip aýtdy.
Bu elektrik stansiýasynyň, gurlan ýagdaýynda, Gazagystanyň barha artýan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyna garaşylýar.
Russiýanyň “Rosatom” kompaniýasy bu taslama üçin esasy hyzmatdaş bolmagy teklip etdi.