Azerbaýjan 6 aýda Türkmenistandan $109 millionlyk gaz aldy
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjanyň Türkmenistandan edýän tebigy gaz importy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 esse köpeldi diýip, “Trend” neşiri Azerbaýjanyň döwlet statistikasyna salgylanyp habar berýär.
Azerbaýjan alty aýda Türkmenistandan umumy bahasy 109,18 million dollar bolan 732,2 million kub metr gaz import etdi diýip, habarda aýdylýar.
Azerbaýjan geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistandan 292,85 million kub metrden gowrak tebigy gaz import edip, oňa 31,8 million dollardan gowrak çykdajy edipdir.
Ozal habar berlişi ýaly, Azerbaýjan türkmen gazyny Eýranyň üstünden, gaz alyşmak usulynda, ýagny türkmen gazyna derek eýran gazyny alyp import edýär.