Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowy MA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrýar
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
TDH Rahmonyň Türkmenistanyň öňki prezidentiniň adyna ýollan hatyny 30-njy awgustda çap etdi.
Hatyň başynda Rahmon şu ýylyň awgust aýynda Aşgabatda bolanda özüne görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň sebitiň möhüm meselelerini açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berendigini belleýär.
“Özara ynama esaslanýan syýasy dialogyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berip, uly şatlyk bilen, Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrýaryn” diýip, hatda aýdylýar.
Täjik prezidentiniň hatynda G.Berdimuhamdowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygyna haýsy görnüşde çagyrylýandygy anyklaşdyrylmaýar.
G.Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martyndan bäri döwlet baştutany bolup işlemeýär we Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine laýyklykda Serdar Berdimuhamedow, onuň ogly prezident we döwlet baştutany bolup durýar.