Türkmen raýaty Belarusda 'ruslary kemsideni üçin saklandy'
Türkmenistanyň raýaty Meýlis Matdurdyýew Belarusyň Grodno şäherinde ruslary kemsidendigi üçin tussag edildi diýip, “Turkmen.news” "Basta!" telegram kanalyna salgylanyp habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, Matdurdyýew dört sany howpsuzlyk işgäri tarapyndan saklanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilipdir we oňa Belarusdaky oturym rugsadyndan mahrum edilip, Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar.
Grodna şäherinde medisina uniwersitetini tamamlan Matdurdyýewiň saklanmagynyň sebäbi, habarda aýdylmagyna görä, sosial ulgamlarda aýdan pikirleri bilen baglanyşykly bolup, häzir onuň “Wkontakte” we Instagram platformalarynda çap eden zatlary öçürilipdir.
Okuwyny tamamlap, Belarusda galan Matdurdyýewiň maşgalasynyň we azyndan bir çagasynyň bardygy aýdylýar.