Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ene-atalar: Körpeleri çagalar bagyna nobatsyz salmak üçin 1700 manat para bermeli

Ene-atalar: Körpeleri çagalar bagyna nobatsyz salmak üçin 1700 manat para bermeli

Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze 2023-2024-nji okuw ýyly ýaňy başlan mahaly, Aşgabatda körpeleri çagalar bagyna nobata durup ýerleşdirmegiň barha kynlaşýandygyny, ene-atalar aýdýarlar. Olar nobatyň öz wagtynda ýetmeýändigini aýdyp, körpeleri nobatsyz çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu waka, 1-nji sentýabrda Bilimler we talyplar ýaşlar gününde ýurduň dürli sebitlerinde täze umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar baglarynyň 10-dan gowragynyň açylan mahalyna gabat geldi.

TDH-nyň habarynda ýurtda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň sanynyň artýandygy, körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi ähli şertleriň döredilýändigi aýdylýar.

Ýöne paýtagtly ene-atalar körpeleri çagalar bagyna ýerleşdirmegiň ýyl-ýyldan kynlaşýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, ene-atalar körpeleri çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin nika şahadatnamasy esasynda ýazgyda duran adresiňe degişli etrap bilim bölüminde bir ýyl öňünden nobata durmaly.

“Resminamalaryň düzüminde nika şahadatnamasynyň we är-aýalyň pasportlarynyň asyl nusgalary, ýaşaýan ýerinden sprawka, Jemagat hojalygy müdirliginden sprawka bar. Bu resminamalary tabşyran adamlar käte bir ýarym ýyl, käte-de ondan hem köp garaşmaly bolýarlar” diýip, aşgabatly ene aýtdy.

Ýagdaýlardan habarly aşgabatly çeşmämiziň tassyklamagyna görä, munuň sebäbi köplenç çagalar baglarynda körpeler üçin ýeterlik ornuň bolmandygy bilen baglanyşykly. Käte-de muňa ene-atalardan biriniň çagalar bagynyň ýerleşýän sebitinde ýazgyda durmandygy sebäp bolýar.

“Türkmenistanda maşgala guran ýaşlardan biri beýleki welaýatyň ýa şäheriň ýaşaýjysy bolsa, olaryň nika şahadatnamasy hem bolsa, beýleki sebitden gelen raýat diňe bäş ýyl geçensoň adamysynyň ýa-da aýalynyň ýaşaýan ýerinde ýazgyda durup bilýär. Ýöne adatça toýdan bir ýyl soň çaga dogulýar. Şeýlelikde, bäş ýyl dolmanka, çagalar bagyna zerurlyk döreýär. Ýöne resmiler ene-atadan biriniň sebitde ýazgyda durmandygyny aýdyp, olaryň çagalaryny kabul etmeýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp ene-ata çagalaryny nobatsyz çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin alaçsyz para bermäge mejbur bolýarlar. Paranyň möçberi 1700 manada ýetýär.

“Bu, resmi däl mukdar bolup, muny çagalar bagyna nobatsyz salmak isleýän tas ähli adam töläýmeli. Hatda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem bu parany töläp, düzgünleri berjaý etmeli” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň Bilim bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralary bir ýaşdan alty ýaşa çenli körpelere degişli bolup, olar iki görnüşli bilim maksatnamasyny öz içine alýar. Bir ýaşdan bäş ýaşa çenli mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşine we okuwyna üns berilse, bäş ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar başlangyç mekdebe taýýarlanýarlar. Çagalary başlangyç mekdebe taýýarlyk Türkmenistanda hökmany talap bolup durýar.

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralarynyň aýlyk tölegi 80 manada deň. Ýöne ýurduň kanunçylygynda, çagalary bu edaralara ýerleşdirmegiň mugtdygyna kepil geçilýär.

Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurtda körpeleri para bermezden çagalar bagyna tas salyp bolmaýandygyny, para bermedikleriň birnäçe ýyl garaşmaly bolýandygyny habar berýärler.

“Bir çagany çagalar bagyna bermek üçün 500 manatdan 1 müň manda çenli aralykda para bermeli bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi 28-nji awgustda gürrüň berdi.

Şeýle-de, geçen hepde balkanly eneleriň biri çagany çagalar bagyna nobatsyz ýerleşdirmek üçin 200-300 ABŞ dollarynda para tölemeli bolýandygyny aýtdy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

"Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Врач объяснила, как сохранить зрение при работе за компьютером

В Россию завезли китайский код // Платформа Gitee локализовалась в Москве

В Москве из-за новых обстоятельств отменят дело о нападении на журналистов

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Музыкальные новости

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Новости России

Дружба с Львом Яшиным, головокружительная карьера и яркие романы футболиста Франца Беккенбауэра

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

В Москве из-за новых обстоятельств отменят дело о нападении на журналистов

Попасть в лицензию: российские стрелки попытаются отобраться на Игры-2024

Экология в России и мире

Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Спорт в России и мире

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Moscow.media

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *