"Freedom Now" Ömruzak Omarkulyýewiň azat edilmegine çaýgyrýar
1985-nji ýylda doglan Omarkulyýew, guramanyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 15-nji martynda näbelli aýyplamalar esasynda saklanyp, 20 ýyl tussaglyga höküm edildi.
Azatlygyň ozal ençeme gezek harbar berşi ýaly, Ömruzak Omarkulyýew tutulmazyndan ozal Türkiýede inženerçilik ugrundan bilim alýardy we türkmenistanly studentleriň raýdaşlyk guramasyny döredeninden soň, aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirildi we garaşsyz neşirler bilen aragatnaşyga çykmagyny bes etdi.