Täjik häkimiýetleri owgan serhedinden geçen üç söweşijini öldürendigini aýdýar
Täjigistan goňşy Owganystandan geçen "terrorçy toparyň" üç agzasyny öldürendigini aýtdy.
KDAM howpsuzlyk gullugynyň 6-njy sentýabrda yglan eden maglumaty Merkezi Aziýa ýurdunda şu ýyl bolan ikinji serhet wakasyndan habar berýär.
"Bu üç adam 30-njy awgust gijesi, 9-njy sentýabrda, Täjigistanyň milli baýramynyň öňüsyrasynda terrorçylykly hereket etmek niýeti bilen serhetden geçdi” diýip, “Kabar” habar gullugy KDAM-a salgylanyp ýazdy. Täjigistanda doglandyklary anyklanan üç adam 5-nji sentýabrda, irden öldürildi.
Bu beýanat bada-bar tassyklanmady.
"Talybanyň" Owganystanda häkimiýet başyna dolanyp gelmegi Täjigistanda durnuksyzlyk gorkularyny döretdi.