Pakistan goşunlary owgan serhediniň golaýynda ýüzlerçe hüjümçi bilen çaknyşdy
Pakistan goşunlary 6-njy sentýabrda Pakistan Talybanynyň söweşijileri tarapyndan Owganystandan serhetaşa edilen hüjümi yzyna serpikdirdi diýip, ýokary derejeli resmi aýtdy.
Şeýle-de, pakistan goşuny dört esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Bu çaknyşykda Pakisan Talybany tarapdan 12 söweşijiniň öldürilendigi aýdylýar.
Çitral etrabynyň komissarynyň orunbasary Muhammet Ali AFP habar gullugyna ýeňil we agyr ýaraglar bilen ýaraglanan ýüzlerçe söweşijiniň serhetden hüjüm edendigini aýtdy.
Pakistan goşuny söweşijiler toparynyň sebitdäki iki posta hüjüm edendigini aýtdy.
“Tährik-e Talyban” pakistan goşuny bu waka barada hiç hili habar bermezinden öň iki obany we goşunyň käbir barlag nokatlaryny basyp alandygyny öňe sürdi.
Ali Azatlyk Radiosyna käbir ýollaryň ýapylandygyny aýtdy.