Mapbak bilen tanalan Gaýypnazar Muhammetnurow aradan çykdy
“Japbaklar” filmindäki roly bilen tanalan aktýor Gaýypnazar Muhammetnurow aradan çykdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.
63 ýaşyndaky aktýor 5-nji sentýabrda, Aşgabatda ýogalypdyr. Neşir onuň ýakynlarynyň sosial ulgamlarda beren maglumatyna salgylanyp, Gaýypnazar Muhammetnurowyň uzaga çeken agyr we dowamly keselden ýogalandygyny aýdýar.
Gaýypnazar Muhammetnurow 1972-nji ýylda Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” eseri esasynda döredilen we il içinde uly meşhurlyk gazanan “Japbaklar” filminde Mapbagyň rolunda oýnap, bütin Türkmenistana özüni tanatdy.
Türkmen metbugaty senedi bilen il-güne hyzmat eden tanymal adamlar aradan çykanda hem, saklanyp galan döwlet senzurasy sebäpli, köplenç olaryň ölüm habaryny çap etmeýär.