Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň biraýlygynda 'düzgün bozujylar' köpelýär

Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň biraýlygynda 'düzgün bozujylar' köpelýär

Türkmenistanda köçe-ýol howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýärkä sürüjilere we pyýadalara jerimä sezewar bolmak ähtimallygy artýar. Resmiler her ýyl sentýabrda geçirilýän bu aksiýanyň ýol howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendigini aýdýar, raýatlar bolsa sentýabry ýol polisiýasynyň “para möwsümi” atlandyrýarlar.

Şu günler Mary welaýatynda ýol hereketiniň howupsuzlygy aýy sebäpli görülýän çäreleriň çäginde polisiýa işgärleri awtoulagly şäherlere, şäherçelere we etraplara aýlanýarlar we ýol hereketi düzgünlerini bozanlary gözleýärler. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri hususan-da, piýadalar üçin niýetlenen geçelgesinden geçmediklere garşy çärelerini güýlendirýär.

"Ýörite ýol geçelgesinden geçmedikleri polisiýa bölümine äkidip, 40 manat möçberde jerime salýarlar. Bu çäre adamlaryň ýaşynyň uly ýa-da kiçi bolmagyna garamazdan, amala aşyrylýar. Garryja daýzalar we ýaşuly adamlar polisiýa bölümine äkidilip jerime tölemäge mejbur edilýär" diýip, habarçymyz Marydaky ýagdaý barada 11-nji sentýbarda aýtdy.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, polisiýa düzgün bozanlary jezalandyrmak işini berk berjaý edýändigini we jerime salmazlygy soraýan pyýadalara gulak asmaýandygyny belleýärler.

"Ýaşuly adamlaryň onsuzam ujypsyzja pensiýamyz bar bize jerime ýazmaň diýip, haýyş etmegine garamaýan polisiýa jerime ýazýar. Şu günler hatda polisiýa bölümlerinde kiçi klas okuwçylary hem görse bolýar. Polisiýanyň reýdlerinde ulanylýan mikroawtobuslaryň içinde ençeme adamlaryň saklanandygyny synlasa bolýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Bir enäniň gürrüň bermegine görä, onuň iki çagasyny köçede saklap, polisiýa bölümine eltipdirler. Polisýa işgäri enä jaň edip, çagalarynyň ýörite geçelgeden geçmän, ýoluň başga bir ýerinde geçendigini aýdyp, her çaga üçin 40 manatdan jerime toläp soň olary alyp gitmegi talap edipdir.

"Men ol polisiýa işgärine 'ur diýilse, gözüni çykarýarsyňyz, meniň çagalarym irdenlik hem edinmän mekdebe ylgap gitdiler. Çagada näme günä bar olara düşindirip indi aňyrdan geçiň bärden geçmek bolanok diýseňiz bolmazdymy' diýdim. 3-nji we 4-nji klas okwuçy çagalary saklap oturman, olar açdyr, ellerine çörek beriň, howa yssydyr, suw beriň diýip haýyş etdim. Onda ol polisiýa 'bäri çaýhana ýa-da naharhana däl, bäri polisiýa we düzgün bozanlary tussaglykda saklaýan ýer diýip, jogap berdi. Men sen adamsyň öýdip diýdim, diýip polisiýa işgärine aýtdym" diýip, bir ene öz çagalaryny tussag eden polisiýa wekili bilen gürrüňdeşligiň mazmunyny paýlaşdy.

Bu zenanyň sözlerine görä, onuň polisiýa wekillerinden çagalaryna rehim etmegi soramagyna işde bolandygy sebäpli olaryň yzyndan polisiýa baryp bilmeýändigi sebäp bolupdyr. Ol zenan fabrikde işleýän ýerinden agşam iş gutarýança gitmegiň gadagandygyny aýtdy: "Men oňa 'özüňde çaga ýokmy men häzir işde, başlygymyzdan jogap alyp bilemok. Siz çagalary öýe göýberiň, men işden çykamda polisiýa bölümine baraýyn, ine meniň el telefon nomerim sizde bar, men tölärin jerimäni' diýsem, ýok 'biz sizi habarly etdik, çagaňyzyň nirededigini aýtdyk, indem töleg edip, soň çagalaryzy alyp gidip bilersiňiz' diýip aýtdy".

Adynyň we iş ýeriniň agzalmazlygyny soran ene, kärdeşleriniň birnäçesinden haýyş edip, çagalaryny polisiýa bölüminden alyp gaýtmagy kynlyk bilen guramalaşdyrandygyny gürrüň berdi.

"Kärdeşlerime ullakan sag bolsun! Polisiýa işgärlerinde bolsa, adamkäçilik ýok. Kiçi ýaşly çagalary bir günläp polisiýa bölüminde nädip tussag edip saklap bolýar. Näme görelde görkezýärler, çagalarda polisiýa işgärlerine bolan ýigrenç we gorky döreýär" diýip ene aýdýar.

Başga bir ene iki gün mundan ozal okuwçy çagasynyň taksiden düşende "düşmeli däl ýerde düşdüň" diýip, jerimä sezewar bolandygyny gürrüň berdi.

"Polisiýa awtoulag sürüjisine 100 manat jerime ýazdy, 7- nji klasda okaýan ogluma bolsa düşmesiz ýerde düşdüň diýip, jerime ýazjakdyklaryny aýdyp, elindäki barja bolan 10 manat pulyny aldylar. Bermeseň polisiýa bölümine äkitjek diýip, gorkuzdylar we elinden yzyna gaýtmak üçin ýol puluny 10 manadyny alyp galdylar" diýip ene gürrüň berdi. Bu zenan öýüniň orta mekdepden 7 kilometr uzaklykda ýerleşýändigini we çagasynyň puly bolmansoň, pyýada ýöräp, öýüne 2 sagat giç barandygyny gürrüň berdi.

"Çagam ýöräp gaty ýadapdyr hiý polisiýa işgärleri okuwçy çagany gorkuzyp pulyny alarmy. Aklyma syganok. Men ogluma 'puly bermeli däl ekeniň' diýsem, ol 'meni polisiýa bölümine äkitjek diýdiler, 'jübiňde näme bolsa çykar diýdiler, men 10 manat pulymy çykardym, olar ana şonyňy ber, onsoň mekdebiňe gidiber diýdiler' diýip oglum, aýtdy. Çaga taksiniň düşürmeli ýerini nireden bilsin. Ony sürüjiler hem köplenç bilenok, ýolagçylar nädip bilsin" diýip, ene gürrüň berdi we şu günler çagasynyň okaýan klasynda okuwa barmadyk, polisiýa tarapyndan dürli sebäplere görä saklanan çagalaryň ençemesiniň bolandygyny belledi.

Türkmenistanda köçe-ýol howpsuzlygynyň biraýlygy tutuş aýlap dowam edýär. Hökümet her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ýaly şygar astynda biraýlygyny yglan edýär. Resmi metbugat bu çäreleriň ýol howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendigini habar berýärkä, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan sürüjiler sentýabr aýyny ýol polisiýasynyň “para möwsümi” atlandyrýarlar. Polisiýanyň sürüjilere hem gözegçiligi artýar we saklanýan, jerime töleýän sürüjileriň sany öňksüsinden hem has köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Режим работы столичных ярмарок выходного дня изменится с 17 мая

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Подруги «феи марафонов» Блиновской создали петицию в ее защиту

Суд отказал в иске о моральной компенсации за "голую вечеринку" Ивлеевой

Музыкальные новости

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Новости России

В Псковской области падает спрос на акушерок - исследование

Ради помощь детям с онкологией в Орле вновь прозвучала "Музыка добрых сердец"

Миранчук вышел на замену в финале Кубка Италии во втором тайме

"Зенит" обыграл ЦСКА и вышел в финал Кубка России

Экология в России и мире

Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Из-за дефектов на мосту через Волгу на трассе А-298 в Саратовской области ограничили скоростной режим

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *