Demirgazyk Makedoniýadaky onkologiýa protestleri dowam edýär
11-nji sentýabr güni giçlik ýüzlerçe demirgazyk makedoniýaly paýtagtyň köçelerine çykyp, şar ýaryp, “Adalat bolmasa, parahatçylyk ýok!” diýen şygara gygyrdylar, onkologiýa pudagyndaky korrupsiýa we hyýanatçylyk aýyplamalary babatynda adalaty talap etdiler.
Skopýedäki demonstrantlar bu meseläniň mümkin boldugyça çalt aýdyňlaşdyrylmagy üçin resmilere bir hepde wagt berdiler we, şeýle edilmedik ýagdaýynda, häkimiýetleriň has güýçlendirilen protestler bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklaryny duýdurdylar.
Prokurorlar we Içeri işler ministrligi şu aýyň başynda döwlet eýeçiligindäki hassahanadan gara bazarda satmak üçin ogurlanan möhüm dermanlar we wezipeden nädogry peýdalanmak bilen bagly deslapky derňewleri yglan etdiler we bu ilkinji protestleriň döremegine alyp geldi.