ABŞ Eýranyň $6 milliardlyk emlägini gadaganlykdan çykarar
Habar gulluklary ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň Eýranyň doňdurylan emläkleriniň 6 milliard dollaryna girizilen sanksiýany ýatyryp, ABŞ-Eýran tussaglarynyň alyş-çalşygynyň çäginde, bu serişdäniň Günorta Koreýadan Katara geçirilmegine rugsat bermek baradaky karara gol çekendigini habar berdi. AP habar gullugy bu göçümden 11-nji sentýabrda Kongresiň hem habardar edilendigini aýtdy.
Tähran 11-nji sentýabr güni irden çalşygyň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyna ynanýandygyny mälim etdi.
Eýran we ABŞ resmileri geçen aý ABŞ-Eýran goşa raýatlygy bolan bäş amerikalyny tussaglykda saklanylýan Ewin türmesinden öý tussaglygyna geçirmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdylar. Bäş tussagyň diňe üçüsiniň - Siamak Namazi, Emad Şarhi we Morad Tahbaz dagynyň atlary aýdyldy.
Eýranyň howpsuzlyk güýçleri häzirki gozgalaň tolkuny wagtynda 40 töweregi daşary ýurt raýatyny tussag etdi we olaryň nähili jenaýatda aýyplanýandygyny köplenç açyk aýtmady.
Günbatar ýurtlary Eýranyň goşa raýatlygy bolan adamlary we daşary ýurt raýatlaryny zamun alyp, olardan tussaglary alyşmak üçin peýdalanmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.